«Moody’s» reýting kompaniýasy global ykdysadyýete degişli täze çaklamasyny ýaýratdy. Taýýarlanan maglumatda 2024-2025-nji ýyllarda dünýä ykdysadyýetiniň nähili boljakdygy barada çaklamalar bar. Maglumata görä, G20 ýurtlary 2024-nji ýylda 1,5 göterim, geljek ýyl 1,6 göterim ösüş gazanar. G20 ýurtlarynda kadaly ykdysady ösüş dowam eder. Diňe Argentinada ykdysady taýdan pese gaçyşlygyň bolmagyna garaşylýar. Dünýäniň ösüp barýan ýurtlary bolsa, bu ýyl 3,8 göterim, 2025-nji ýylda 3,9 göterim bolar.