Dünýäniň iň köp awtoulag öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Volkswagen” 2024-nji ýylda satuwynyň ösüşiniň az bolmagyna garaşýar. Nemes kompaniýasy awtoulag satuwynyň geçen ýylkydan 3 göterim köp boljakdygynyň çaklanýandygyny mälim etdi. Kompaniýanyň Maliýe boýunça wekili Arno Antlitz geçen ýylky satuwyň 12 göterim artyp, 9,24 million awtoulag satylandygyny belledi. Şeýle hem wekil geljek aýlarda dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de beýleki ulaglaryň Günbatar Ýewropada has köp sargyt edilmegine garaşylýandygyny belledi.
Kompaniýa dünýäde “Toyota”-dan soňra iň köp ulag öndürýän brenddir.