Astronomlar 71 ýyldan bir gezek gaýtalanýan hadysanyň boljakdygyny mälim etdiler. “12P/Pons-Brooks” atly asman jisimi 21-nji aprelde Ýeriň iň golaý nokadyna geler. Ýeriň daşyndaky aýlawyny 71,3 ýylda tamamlaýan asman jisimi 1812-nji ýylda fransuz astronom Žan-Lui Pons tarapyndan tapylypdyr. 1883-nji ýylda iňlis-amerikan astronom William Robert Bruks hem şol asman jisimini hasaba alypdyr. Diametri 30 kilometre golaý bolan kometanyň ýüzünde emele gelen partlaýyş onuň has ýagty we “şahly” görünmegine sebäp bolupdyr. Onuň reňkiniň ýaşyl öwüsýändigi bellenilýär. Astronomlar göz bilen kometany görüp boljakdygyny, emma dürbi arkaly has gowy görünjekdigini aýdýarlar.
Mälim bolşy ýaly, islendik asman jisimini, hatda ýyldyzlary hem şäher ýerlerinden görmek aňsat däl. Şol sebäpli açyk howada, şäherden uzakda has aýdyň görünýär.