Rio-de-Žaneýronyň günortasyndaky Rosinýa Braziliýanyň iň gür ilatly şäherleriniň biridir. Günorta kenardan bir kilometr çemesi uzaklykda ýerleşýän Rosinýanyň köp bölegi dik depäniň üstünde ýerleşip, daş-töweregini tokaýlyklar gurşap alýar. Şäherçäniň tutýan meýdany 144 gektara barabar bolup, bu ýerde 70 müň töweregi adam ýaşaýar. Şäherleşme netijesinde kiçijik obadan uly şähere öwrülen Rosinýada jaýlaryň hemmesi diýen ýaly betondan we kerpiçden üst-üstüne gurlupdyr. Jaýlaryň aglaba bölegi 3-4 gatly bolup, şäherde jemgyýetçilik guramalarynyň, bank şahamçalarynyň, iş kärhanalarynyň binalary, awtobus duralgalary bar. Rio-de-Žaneýro şäherine gezelenje barýan syýahatçylar Rosinýany «şäherdäki şäherçe» diýip atlandyrýarlar.
Rosinýa ösüş derejesi boýunça Rio-de-Žaneýro şäherine degişli 126 etrabyň arasynda 120-nji orny eýeleýär. Arassaçylyk taýdan pes hasaplanýan Rosinýa şäheri ilatynyň gürlügi bilen beýleki şäherlerden tapawutlanýar. Şäherde amatly jemgyýetçilik hyzmatlary hödürlenip, ilat agyz suwy we elektrik energiýasy bilen üpjün edilýär. Köpleriň «Braziliýanyň harabalygy» diýip baha berýän şäherinde motosikl sürmek «özüňi oňarmaklygy» aňladýar. Soňky ýyllarda käbir howpsuzlyk düzgünleri ýola goýlan Rosinýada syýahatçylar üçin çäkli gezelençler guralýar. Şähere her gün 150-600 töweregi daşary ýurtly baryp görýär. «Çyrmaşyk» şäherde bikanun hereketleriň köpdügi sebäpli, syýahatçylara köp babatda çäklendirmeler girizilýär.
Şäherde brazil aşhanasyna degişli nusgalyk tagamlary görmek bolýar. Şäherde iň köp iýilýän tagam koşinýa bolup, towuk budunyň daşyna owradylan çörekdir üwelen towuk eti dolanyp, ýagda gowrulyp taýýarlanylýar. Mundan başga-da, şäherde towukly, mekgejöwenli, noýbaly, peýnirli we gök önümli naharlar has köp iýilýär.
Mirante açyk restorany, «Parque Lage» seýilgähi, Tižuka tebigy seýilgähi, Ertirki gün muzeýi, Leblon kenary, Selaron basgançagy, asma ýoly şäherçäniň meşhur ýerleridir. Rosinýa barada edebi eserler hem ýazylyp, şäheriň meşhur ýerlerinde birnäçe kino surata düşürildi. Olardan «Geň galdyryjy Halk» (The Incredible Hulk, 2008) hem-de «Forsaž 5»
(Fast Five, 2011) filmindäki käbir sahnalary mysal getirmek bolar.