ABŞ-nyň hökümeti “Intel” korporasiýasyny ösdürmek maksady bilen, takmynan, 20 milliard dollar maýa goýýar. Bu barada Ak tam habar berdi.
Ak Tamyň maglumatlaryna görä, 8,5 milliard dollar gönüden-göni maliýeleşdirmek görnüşinde, ýene 11 milliard dollar ýarymgeçirijileriň we beýleki ýokary tehnologiýaly gurluşlaryň önümçiligini ösdürmek üçin karz ugrunyň çäklerinde berler.
Bu serişdeler Arizona, Nýu-Meksiko, Ogaýo we Oregon ştatlaryndaky “Intel” kärhanalaryny abzallaşdyrmak hem-de giňeltmek üçin gönükdirilýär. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 30 müňe golaý täze iş ornuny döreder we degişli kärhanalarda ýene on müňlerçe işgäri goldar diýlip, habarda bellenilýär.
Häzirki wagtda bu ugurdaky maýa goýumlarynyň mukdarynyň 240 milliard dollardan geçmegine garaşylýar. Amerikan hökümetiniň pikiriçe, munuň özi “ýarymgeçiriji önümçiliginiň ABŞ-a gaýdyp gelmegine” ýardam berer.