Germaniýanyň çempionatynda sanawyň ýeňlişsiz lideri “Baýer” bu derejesini soňky minutlarda hem bolsa goramagy başardy. Öz meýdançasynda “Hoffenhaýmy” kabul eden “Baýer” topary 33-nji minutda Maksimillian Baýeriň goluna alaç tapyp bilmedi. Ýer eýelerine bu gola jogap bermek ýeňil düşmedi. 88-nji minutda Andrih bilen hasabyň deňlän lewerkuzenlilere ýene-de Patrik Şik 90+1-nji minutda ýeňiş getiren goly geçirdi. Şunlukda, “Baýeriň” ýeňilmezekligi 39 oýna çykdy. Tapgyryň iň esasy oýnunda, “Der Klassiker” duşuşygynda “Bawariýa öz meýdançasynda “Borussiýa Dortmunddan” 2-0 hasabynda utuldy. 5 ýyldan soň garşydaşyny ilkinji gezek ýeňen dortmundlylaryň gollaryny Adeýemi bilen Rýuerson geçirdi. “Borussiýa” topary “Bawariýany 10 ýyldan soň ilkinji gezek myhmançylykda ýeňip, umumylykda olary 11 duşuşykdan soň ýeňlişe sezewar etdi. Bu ýeňlişden soň Baýer Bawariýadan 13 utuk öňe saýlanyp, galan 7 oýnuň 3-sinde gazanyljak ýeňiş olara taryhyndaky ilkinji çempionlygyny baýram etdirer. Öz meýdançasynda “Haýdenhaým” bilen duşuşan Ştutgart 2-0 öňe geçse-de, myhmanlar 85-nji minutda hasaby 3-2-ä ýetirdiler. Ýöne 90+8-nji minutda Deniz Undawyň geçiren golundan soň “Ştutgart” ýeňlişden halas boldy.

Aýntraht – Union Berlin: 0-0,

Baýer – Hoffenhaým: 2-1 (Andrih 88, Şik 90+1 – Baýer 33),

Borussiýa M – Fraýburg: 0-3 (Gregoriç 7, Rýol 47, Doan 58),

Werder – Wolfsburg: 0-2 (Lakrua 45+4, Maýer 84),

Leipsig – Maýns: 0-0,

Bawariýa – Borussiýa D: 0-2 (Adeýemi 10, Rýuerson 83),

Augsburg – Köln: 1-1 (Maýer  18 – Zelke 33),

Ştutgart – Haýdenhaým: 3-3 (Girassi 41, Ştiller 53, Undaw 90+8 –Nübel 62 ö.d., Klýaýndinist 84, 85),

Bohum – Darmştadt: 2-2 (Hofmann 30, 48 – Skarke 62, Wilhelmsson 76)