26-njy aprelde Türkmenabat şäherinde “Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan—Garagum geçelgesiniň” çägindäki Amul galasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän bu çäre Ylymlar akademiýasy, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary we Lebap welaýat häkimligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Mälim bolşy ýaly, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan—Garagum geçelgesi» hödürnamasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak baradaky karar Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki hödürlän teklibi boýunça 2023-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 45-nji giňişleýin mejlisinde kabul edildi. Degişli güwänamany BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan 2023-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda türkmen tarapyna gowşurdy.
Ilkinji gezek geçirilýän halkara ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen, strategik taýdan ähmiýetli geçelge bolan bu gala dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň, taryhçylaryň, arheologlaryň ünsüni çekmekden, gazuw-agtaryş we ylmy-barlag işlerini dowam etdirmek arkaly ylmy binýady döretmekden, medeni diplomatiýany ösdürmekden, ony halkara giňişlige giňden ýaýmakdan ybaratdyr.
Wekilçilikli maslahata Türkmenistandan, şeýle hem daşary ýurtlardan meşhur taryhçylar, arheologlar, etnograflar, gündogarşynaslar, tanymal professorlar, ýaş alymlar, Beýik Britaniýadan, Russiýa Federasiýasyndan, RF-niň Tatarystan Respublikasyndan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan bilermenler çagyryldy. Olar myhmansöýer türkmen topragynda mähirli garşylanyldy.
Çäräniň çäklerinde maslahata gatnaşyjylar açyk asmanyň astyndaky ýadygärlik bolan gadymy Amul şäherine baryp gördüler we onuň binagärlik gurluşy bilen tanyşdylar. Bu gadymy şäher Türkmenabat — Kerki awtoulag ýolundan 619 metr uzaklykda, Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde ýerleşýär. Şeýle hem myhmanlar Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine aýlandylar.
Forumyň öňüsyrasynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda şäherleriniň biri bolan gadymy Amul galasyna bagyşlanan mowzuklaýyn sergi guraldy. Bu gala arheologik we etnografik ýadygärlik hökmünde alymlaryň ünsüni özüne çekýär.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň halkara ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen köp sanly taslamalaryna hem-de maksatnamalaryna gatnaşmak arkaly özüni işjeň hyzmatdaş hökmünde görkezendigini nygtadylar.
Maslahatda bellenilişi ýaly, üç ýurduň — Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň çäginde ýerleşýän Zerewşan — Garagum geçelgesi ähli ugurlary birleşdirýän Beýik Ýüpek ýolunyň Merkezi Aziýadaky esasy bölegi bolupdyr.
Türkmenistanda, Täjigistanda we Özbegistanda ýerleşýän 31 sany ýadygärligi özünde jemleýän transmilli hödürnama biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan biziň eýýamymyzyň XVI asyryna çenli hereket eden gadymy söwda ýolunyň bu böleginde binagärlik, tehnologiýalar, monumental sungat, şäher gurluşygy pudaklarynda ýokary derejelere ýetilendigini görkezýär. Üç ýurduň wekilleri birnäçe ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak üçin bilelikde uly işleri alyp bardylar. Şeýle giň gerimli taslamanyň türkmen bölegi Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, «Kerki», «Gadymy Merw» döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda işlenip düzüldi.
Amul — Merw ýolunyň ugrunda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen türkmen orta asyr şäherleri, galalar, kerwensaraýlar saklanyp galypdyr. Bu ýadygärlikleriň hatarynda Amul galasy we Kuşmeýhan şäheri, Mansaf rabady, Könegala at-Tahmalaj, Akjagala, Gyzyljagala kerwensaraýlary bar. Çärä gatnaşyjylar türkmen arheologlary tarapyndan bu ýadygärliklerde geçirilen arheologik gözlegleriň we daşary ýurtly alymlar bilen bilelikde geçirilen ekspedisiýalaryň netijeleri, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän orta asyr türkmen şäherlerinde maddy medeniýetiň gülläp ösendigine şaýatlyk edýän taryhy tapyndylar bilen tanyşdylar.