1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň baýram edilmegi her bir türkmen raýaty üçin şatlykly wakadyr. Ikinji Jahan urşunyň aldym-berdimli söweşlerinde beýleki milletler bilen bir hatarda, türkmen ýigitleri hem halkymyza mahsus bolan mertlik, gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezdiler. Olaryň gahrymançylyklary ýurdumyza abraý, dereje, mertebe getiren mertlikden nyşandyr. Hut şonuň üçin hem bu uruşda görkezilen gahrymançylyk, edermenlik milletiň hakydasynda baky orun tutdy.
Paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň bina edilmegi, ol ýerde «baky oduň» alawlap durmagy, ýurdumyzda uruş weteranlary hakynda döwlet derejesinde yzygiderli alada edilmegi, olaryň pensiýalarynyň dowamly köpeldilmegi, ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulandyrylmagy biziň ýurdumyzda Watan gerçeklerine berilýän üns-aladanyň döwlet derejesindediginden habar berýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňşiň gazanylmagyna türkmen halky hem mynasyp goşant goşdy. Müňlerçe watandaşymyz beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ýowuz duşmana berk gaýtawul bermekde, azatlygy, baky erkinligi, mukaddes topragy goramakda mertligiň, gahrymançylygyň beýik göreldesini görkezdi. Bu barada hormatly Prezidentimiz: «Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941-1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy» diýip belleýär. Watandaşlarymyzyň köp sanlysy şol ýyllarda söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi, gaýduwsyzlygy üçin orden-medallar bilen sylaglandy. Olaryň 100-den gowragy bolsa Gahryman diýen belent ada mynasyp boldy. Watan, nesilleriň bagtyýarlygy, ýagty geljek üçin şirin janyny gaýgyrman söweşen merdana pederlerimiziň şöhraty baradaky ýatlamalar baky ýaşaýar. Olaryň atlary «Hatyra» hem-de «Şöhrat» atly ýörite neşirlerde ebedileşdirildi. Bu kitaplarda türkmenistanlylaryň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy, edermenligi baradaky maglumatlar beýan edilýär.
Gazaply uruş ýyllarynda Watany goramagy ähli zatdan ileri tutan gaýduwsyz gerçekleriň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy, Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň hem bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly nesiller üçin watansöýüjiligiň, gaýduwsyzlygyň we belent borja wepalylygyň nusgasydyr.
Uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken türkmenistanlylar hem Ýeňşiň gazanylmagyna öz goşantlaryny goşdular. Maglumatlara görä, 1941-nji ýylyň noýabryna çenli türkmen zenanlary fronta kömek üçin 2 müň 519 kilogram altyn-kümüş ýygnapdyrlar. Uruş ýyllarynda olar jemi 7 müň 392 kilogram altyn-kümüş şaý-seplerini Goranmak gaznasyna meýletin tabşyrýarlar. Munuň özi ynsanperwerligiň we watansöýüjiligiň belent nusgasyna öwrülýär. Çeper elli zenanlarymyz gyş günleri üçin ýyly egin-eşikleri, ören ellikdir joraplaryny-da frontdaky Watan goragçylaryna yzygiderli iberip durýarlar.
Ýurdumyzda uruş we zähmet weteranlaryna Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sarpa goýulýar. Olaryň saglygy, durmuş taýdan goraglylygy babatda hemmetaraplaýyn aladalar edilýär. Şol ýyllarda görkezen edermenligine, çeken zähmetine ýokary baha berlip, olar döwletimiz tarapyndan mynasyp derejede sarpalanýar. Ministrler Kabinetiniň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiziň 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary gowşurmak barada Permana gol çekmegi munuň ýene bir aýdyň güwäsi boldy.
Hydyr ABAKOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň medeniýet we metbugat bölüminiň gözegçisi, polisiýanyň kapitany.