UEFA Ýewropa Ligasynda möwsümiň super topary “Baýer” özüniň ýeňlişsiz ýörişiniň üstüni final hem-de taryhy rekordy täzelemek bilen ýetirdi. Mundan 1 hepde ozal “Romany” Rimde 2-0 hasap bilen ýeňen “Baýer” jogap duşuşygyna käbir ýyldyzlaryny esasy düzümde goýbermedi. Italýan kluby 1-nji ýarymyň ahyrynda, 43-nji minutda Leandro Paradesiň penaltiden geçiren goly esasynda hasaby açdy. Ol 66-njy minutda ýene bir goly penaltiden derwezä girizdi. Bu goldan soň 2 oýnuň netijesi boýunça hasap deňlendi. Ýöne “Baýer” toparynyň şu möwsümde özboluşly ýörelgesi bolup, topar soňky jürlewüge çenli göreşini ýokary depginde dowam etdirýändigi bilen meşhurlyk gazandy. Bu oýunda-da şol ýörelgä eýeren lewerkuzenliler 82-nji minutda rimliler üçin çärýek finalyň gahrymany Mançininiň awtogoly bilen aratapawudy 1 gola düşürdiler. 90-njy minutda oýna giren Stanişiç 90+7-nji minutda toparyny ýeňlişden halas eden goly derwezä girizip, hasaby deňledi. Ol milli çempionatdaky “Borussiýa Dortmund” bilen geçirilen duşuşykda-da 90+7-nji minutda hasaby deňlän goly tora girizipdi. Şunlukda, geçen ýylyň maý aýyndan bäri ýeňilmän gelýän “Baýeriň” ýeňlişsizlik seriýasy 49 oýna ýetdi. Bu bolsa 59 ýyllyk rekordyň täzelenmegi diýmekdir. Portugaliýanyň “Benfika” topary 1963-nji ýylyň dekabry bilen 1965-nji ýylyň fewraly aralygynda yzly-yzyna 48 oýunda ýeňilmändi. Portugal klubunyň şol rekordyna wagtal-wagtal golaýlan klublar bolsa-da, hiç birine ony geçmek başartmandy. Netijede, ähli babatda uly ýeňişlere, taryhy görkezijilere beslenen möwsümde şol rekordy täzelemek “Baýer” toparyna nesip etdi. “Baýer” topary UEFA-nyň 2-nji derejeli ýaryşynda 2-nji gezek finala çykyp, olar 1987/88 möwsüminde bu kubogy eýeläpdi. Şol ýyl finalda “Espanýol” bilen duşuşyp, myhmançylykda 3-0 utulan lewerkuzenliler öz meýdançasynda-da 3-0 hasap bilen ýeňipdi. Penaltileriň netijesinde-de üstün çykan “Baýer” UEFA-daky häzirlikçe ýeke-täk çempionlygyny gazanypdy.