Italiýanyň paýtagty Rimde geçirilen “Italiýa Açyk” tennis ýaryşynda zenanlaryň arasyndaky sanawyň 1-nji belgilisi Iga Şwentek çempion boldy. Polşaly tennisçi finalda belarusly Aryna Sabalenka bilen duşuşyp, garşydaşyny 1 sagat 29 minutda 6:2 we 6:3 hasaplar esasynda ýeňdi. Ol Rimden öň Madridde geçirilen “Masters” ýaryşynda-da Sabalenkany finalda ýeňip, çempion bolupdy. Şwentek Rimde 2021-nji we 2022-nji ýyllardan soň 3-nji gezek çempion bolup, ol şu ýyl 4-nji, umumylykda 10-njy “Masters” çempionlygyny gazandy. Bu onuň karýerasyndaky 21-nji WTA kubogy hökmünde hasaba alyndy