UEFA klublaryň arasynda guraýan ýaryşlarynyň 2025/26 we 2026/2027 möwsümleriniň final duşuşyklarynyň haýsy stadionlarda geçiriljekdigini mälim etdi. Şoňa görä, UEFA Çempionlar Ligasynyň finaly 2026-njy ýylda Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki “Puşkaş Arena” stadionynda geçiriler. 2027-nji ýylyň finaly-da Italiýanyň Milan şäherindäki meşhur “San Siro” stadionynda oýnalar. Ýöne UEFA milanlylardan stadionda käbir abatlaýyş işleriniň geçirilmegini talap edýär.

Türkiýäniň Stambul şäherindäki “Beşiktaş” stadiony yzly-yzyna 2 finaly kabul eder. Has takygy, “Beşiktaş” klubunyň ýerli duşuşyklaryny geçirýän bu stadiony 2025/26 möwsüminde UEFA Ýewropa Ligasynyň finalynyň geçiriljek ýeri diýlip bellenildi. Bir ýyldan soňam bu stadionda UEFA Konferensiýa Ligasynyň finaly oýnalar.

Germaniýada hem yzly-yzyna 2 final duşuşygy oýnalar (2025-nji ýylyň Çempionlar Ligasynyň finaly bilen 3 bolýar). 2025/26 möwsüminde UEFA Konferensiýa Ligasynyň finaly Leipsig şäherindäki “Red Bull Arena” stadionynda, 2026/27 möwsümindäki Ýewropa Ligasynyň final duşuşygy-da Frankfurtdaky “Waldstadion”-da geçiriler.