Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygyň şäheri diýlip ykrar edilýän gözel paýtagtymyz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen taryhy ösüşleri başdan geçirýär. Ähli özgertmeleriň nusgalyk keşbinde gözel paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbini görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty we taýsyz tagallasy netijesinde Aşgabat şäheri düýpli özgerişlere eýe boldy. Paýtagtymyzyň dürli künjeginde dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýaşaýyş jaýlarynyň, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, çagalar baglarynyň, edara-kärhanalaryň we beýleki möhüm ähmiýetli desgalaryň gurluşyklarynyň ýokary depginde dowam etmegi şähergurluşyk-binagärlik keşbiniň özgermegine ýardam edýär. Paýtagtymyzda ajaýyp binalaryň ençemesiniň gurulmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin bina edilýän ýaşaýyş jaýlary, dünýä ülňülerine laýyk gelýän awtomobil ýollary merjen şäherimizi dünýäniň döwrebap hem-de nusgalyk şäherleriniň birine öwürmek babatda alnyp barylýan işleriň ajaýyp miwesidir.
Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň 25-ine Aşgabat şäheriniň güni hem-de «Soňky jaň» dabarasy uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Şanly seneleriň senenamasynda indi birnäçe ýyl bäri 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň gözel paýtagtymyza goýýan hormat-sarpasynyň nyşanydyr. Bu ýyl bolsa Aşgabat şäheriniň gününiň öňýanynda paýtagtymyzyň günorta böleginde – Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň аçylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka 2024-nji ýylda beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, ýurdumyzda we halkara derejesinde geçirilýän dabaralaryň özboluşly dowamy bolup durýar. Türkmen we dünýä edebiýatynyň meşhur wekiliniň heýkeli bina edilen medeni-seýilgäh toplumyny döretmek başlangyjy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürüldi.
2013-nji ýylyň 25-nji maýynda Aşgabat ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Şeýlelikde, paýtagtymyz dünýäde ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda mynasyp orny eýeledi. Umuman, gözel paýtagtymyzda bina edilen birnäçe ajaýyp binalar bu ady agzalýan meşhur kitapda mynasyp orun alýar. Paýtagtymyzyň kaşaň we göze gelüwli keşbini döredýän desgalaryň birnäçesi hem şol kitaba girizildi. «Dünýäniň iň belent flagştogy», «Oguzhan» suw çüwdürimler toplumy, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi binagärlik aýratynlygy bilen iki tarapy ýörite aýna bilen örtülen Oguz hanyň ýyldyzy, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň esasy ýolagçy terminalynda ýerleşdirilen gölüň şekili, Aşgabadyň Olimpiýa stadionynyň münberindäki ahalteke bedewiniň çeper keşbi hem-de Sportuň suw görnüşleri boýunça merkezi ýaly birnäçe binalar Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilendir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berlen ajaýyp desgalaryň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi türkmen döwletiniň binagärlik sungatynyň belent sepgitlere ýetendiginiň nyşanydyr. Munuň şeýle bolmagy biziň her birimizi diýseň buýsandyrýar. Bu görkezijiler Aşgabadyň dünýäniň owadan şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Paýtagtymyz Aşgabat häzirki wagtda döwrebap ösüşiň milli nusgasyna öwrüldi. Alnyp barlan gurluşyklaryň, durmuşa geçirilen täzeçil başlangyçlaryň netijesinde paýtagtymyzyň görki, binagärlik keşbi düýpgöter özgerdi. Aşgabat özüniň arassalygy, suw çüwdürimleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen görenleri haýran galdyrýar. Aşgabada myhman bolup gelen her bir adamyň ilkinji sözi paýtagtymyzyň gözelliginden başlanýar. Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilmegi biziň her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgusyny döredýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Aşgabadyň syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündäki orny gitdigiçe giňeýär we berkeýär. Ajaýyp seýilgähler paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň biridir. Köçeleriň gül-gülzarlyga, bagy-bossanlyga bürelmegi şäheriň ekologiýa meselesine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Aşgabadyň çar künjeginde binagärlik toplumlaryna sazlaşykly utgaşyp gidýän seýilgähler, ýaşyl zolaklar paýtagtymyzyň keşbine aýratyn owadanlyk berýär. Paýtagtymyzyň gaýtalanmajak gözelligi, asudalygy, ýaşamak üçin rahatlygy ähli döwürlerde hem ýazyjy-şahyrlaryň, bagşy-sazandalaryň ylhamyny joşduryp gelipdir. Medeniýet we sungat işgärleri özleriniň döredijiliginde paýtagtymyzyň ajaýyplygyny uly joşgun, söýgi bilen döredýärler. Şygyrlarda, aýdymlarda, dürli döredijilik eserlerinde paýtagtymyzyň waspy ýetirilýär.
Gündogaryň dürdänesine, dünýäniň esasy syýasy merkezleriniň birine öwrülýän paýtagtymyz gözelligiň nusgasydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak hem-de hukuk binýadyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, yhlasly hem döredijilikli zähmet çekmegi, medeniýetli dynç almagy üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini görkezýär. Ýurdumyzdaky medeni-durmuş maksatly binadyr desgalaryň birnäçesi paýtagtymyzyň adyny buýsanç bilen göterýär. Aşgabat – Watanymyzyň ýüregi, halkymyzyň buýsanjy. Mermer şäherimiz Aşgabat hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ajaýyp işleriniň şaýady bolup, asyrlardan asyrlara aşyp, Ýer ýüzüne şugla saçsyn!
Gülşat Atamyradowa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.