25-nji maýda Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda iki gatly 136 sany ýaşaýyş jaýynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary, täze öýlere göçüp gelen maşgalalar bar.
Eziz Watanymyzy we häzirki ägirt uly özgertmeleri wasp edýän aýdym-sazlar ýaňlanýar. Medeniýet, sungat ussatlary ajaýyp çykyşlary bilen täze gurlan jaýlaryň açylyşyny dabaralandyrdylar. Dabara gatnaşyjylar çykyşlarynda “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň açylmagy mynasybetli şu günki dabaranyň geçirilmeginiň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydygyny bellediler. Soňra dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden maşgalalara ýokary amatlykly kottejleriň açarlary gowşurylýar. Öz şatlygyny paýlaşan täze öý eýeleri ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de halkymyzyň, Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde egsilmez güýç-gaýrat arzuw etdiler.
Täze jaýlaryň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Jaýlaryň golaýynda ak öýler dikilip, dürli sahna çykyşlary guraldy. Bu görnüşler dabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Her bir öýüň ýanynda gurnalan sekilerde zenanlar milli tagamlary, süýji nygmatlary taýýarlaýarlar.
Bagşylaryň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan halk sazlary, özüne çekiji milli oýunlar baýramçylyk dabarasyna özboluşly bezeg berýär. Sahnalaşdyrylan çykyşlardan başga-da, ähli ýerde halk we häzirki zaman estrada aýdymlary ýaňlanýar.
Soňra dabara gatnaşyjylar gurlup ulanmaga berlen ýaşaýyş jaýlaryny synlamaga başlaýarlar. Bu öýleriň howlularynda täze jaýlara göçüp gelen maşgalalaryň dost-ýarlary we garyndaşlary üýşüpdirler. Öýleri gutlamaga gelenlere hödür-kerem edilýär. Kottej jaýlary ýerleşýän köçeleriň ugrunda aýdymdyr tanslar ýerine ýetirilip, halk, toý, baýramçylyk däpleriniň, milli mirasymyzyň sahnalary janlandyrylýar. Dabaranyň bezegine öwrülen halk däp-dessurlary türkmen maşgalalarynda çagalaryň aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyna şaýatlyk edýär.
Täze ýaşaýyş jaýlarynyň töweregi abadanlaşdyrylyp, ýollar we ýanýodalar çekildi, dürli güller ekilen ýaşyl zolaklar döredilip, ýollaryň gyralarynda yşyklandyryjylar oturdylypdyr. Suw we lagym üpjünçilik ulgamlaryny döretmek boýunça uly işler alnyp baryldy.
Dabaranyň dowamynda has tapawutlanan gurluşykçylara döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Gurluşykçylar zähmetine berlen ýokary baha üçin çuňňur hoşallyk bildirip, bu gün Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirmegi esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ösüşiň täze derejesine çykandygyny bellediler.