Daş­ky gur­şa­wy go­rap sak­la­mak, eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa şert­le­ri üp­jün et­mek hem-de Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li stra­te­gi­ýa­syn­da we Mil­li to­kaý mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler giň ge­ri­me eýe­dir.
Hä­zir dur­nuk­ly ösüş üç ugur – yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa ugur­la­rynda mö­hüm çöz­güt­le­ri ta­lap ed­ýär. Bu­lar «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet, «ýa­şyl» teh­no­lo­gi­ýa, «ýa­şyl» se­na­gat, «ýa­şyl» ener­ge­ti­ka di­ýen adal­ga-dü­şün­je­ler bi­len aý­ryl­maz bag­la­ny­şyk­lydyr. 2023-nji ýyl­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Bü­tin­dün­ýä ho­wa sam­mi­ti äh­lu­mu­my eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri bi­len bag­ly wa­jyp we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de dün­ýä­niň döw­let­le­ri­ni hem-de gu­ra­ma­la­ry­ny bir ýe­re jem­län iri sam­mit­le­riň bi­ri bol­dy. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi ba­ra­da­ky Çar­çu­wa­ly kon­wen­si­ýa­sy­na gat­na­şy­jy ta­rap­la­ryň 28-nji mas­la­ha­ty­na (СOP28) gat­naş­mak üçin ge­çen ýy­lyň 1-2-nji de­kab­ryn­da Du­baý şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran iş sa­pa­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Äh­lu­mu­my me­tan borç­na­ma­sy­na go­şul­ýan­dy­gy­ny bel­le­mek bi­len ýur­du­my­zyň «ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet ul­ga­myn­da dur­nuk­ly ösüş ga­zan­mak ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ry­ny ýe­ne bir ge­zek açyp gör­kez­di. Hä­zire çen­li BMG-niň me­tan bo­ýun­ça hal­ka­ra borç­na­ma­sy­na 140-dan gow­rak döw­le­t go­şul­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz «ýa­şyl» ener­gi­ýa­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­lan­maga degişli tas­la­ma­la­ryň örän ze­rur­dy­gy­ny, daş­ky gur­şa­wa zy­ýan ýe­tir­me­ýän, yk­dy­sa­dy taý­dan bäh­bit­li al­ter­na­tiw ener­ge­ti­ka des­ga­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­nyň göz öňün­de tu­tu­lan me­ýil­na­ma­la­ryň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­ýär.
«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet te­bi­gat üçin zy­ýan­syz yk­dy­sa­dy ösüş ýo­ly bo­lup, te­bi­gy ma­ýa­ny sak­lap gal­ma­gyň we art­dyr­ma­gyň ha­sa­by­na önüm­çi­li­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­gy, zy­ňyn­dy­la­ry azalt­ma­gy, bio­dür­lü­li­gi gi­ňelt­me­gi, ne­ti­je­de eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gyny üp­jün et­me­gi mak­sat edin­ýär.
Gel­jek­de ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni ös­dür­mek­de we ho­wa­ny zy­ýan­ly zy­ňyn­dy­lar­dan aras­sa­la­mak ug­run­da­ky çä­re­ler­de wo­do­rod ener­ge­ti­ka­sy­na uly ornuň de­giş­li bo­larjakdygy çak­la­nyl­ýar. Ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­ni öz­leş­dir­mek na­za­ry hem ama­ly taý­dan örän çyl­şy­rym­ly me­se­le­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Wo­do­rod ýangyjy ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän pu­dak­da, hi­mi­ýa se­na­ga­tyn­da we me­tal­lur­gi­ýa­da ula­nyl­ýar.
Türk­me­nis­tan ug­le­wo­do­rod çig ma­ly­nyň dün­ýä­de ägirt uly ma­ýa go­ýum­la­ry­ny çek­mek ar­ka­ly ýur­duň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dep­gin­li ös­dür­mek me­se­le­si­ni esa­sy orun­da goý­ýar. Şunda ýur­duň ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­makda öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk ile­ri tu­tul­ýar. Şu jä­het­den ýurdumyzyň ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ni ug­ra­dy­jy döw­let hök­mün­de çy­kyş et­me­gi ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň mö­hüm şa­ha­sy­na öw­rül­di.
Ýur­du­my­zyň ho­wa we ge­og­ra­fik şert­le­ri ener­gi­ýa­nyň gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän çeş­me­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şeý­le çeş­me­ler oba ila­ty­ny we mer­kez­den uzak­da­ky ýer­le­riň ener­go­üp­jün­çi­li­gi­ni go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Mi­we ÇA­RY­ÝE­WA,
Türk­men döw­let bi­na­gär­lik-gur­lu­şyk
ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.