Amerikanyň Milli basketbol ligasy NBA-da 2023/24 möwsüminiň çempiony belli boldy. Final duşuşyklarynyň 5-nji duşuşygynda çempion kesgitlenip, Boston şäherindäki “TD Garden Arenada” oýnalan duşuşyk “Boston Seltiks” topary “Dallas Maweriks” toparyny 106:88 hasap bilen ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda Jeýson Tatum 31 utuk (11 asist, 8 ribaund), Jeýlen Brawn 21 utuk (8 ribaund, 6 asist) geçirdi. Netijede, umumy hasapda “Boston Seltiks 4:1 öňe saýlanyp, NBA-nyň 78-nji möwsüminiň çempiony bolmagy başardy.

1-2-nji duşuşyklary öz meýdançasynda geçiren “Boston Seltiks” garşydaşyny şol oýunlarda 107:89 hem-de 105:98 hasaplar bilen ýeňipdi. 3-4-nji duşuşyklar “Dallas Maweriksiň” meýdançasynda Dallasda geçirildi. 3-nji duşuşykda-da “Boston Seltiks” 106:99 hasabynda üstün çykypdy. 4-nji duşuşykda “Dallas Maweriksiň” 122:84 hasap bilen ýeňiş gazanmagyndan soň, “Boston Seltiks” toparynyň çempionlygy indiki oýna galypdy. 5-nji oýunda-da ýeňiş gazanan “Boston Seltiks” taryhyndaky 18-nji NBA çempionlygyny baýram etdi. Olar mundan ozal 2008-nji ýylda çempion bolupdy. Ýagny Gündogar Konferensiýanyň wekili 16 ýyldan soň 18-nji çempionlygyny gazandy. Klub mundan öň 1957-nji, 1959-njy, 1960-njy, 1961-nji, 1962-nji, 1963-nji, 1964-nji, 1965-nji, 1966-njy, 1968-njy, 1969-njy, 1974-nji, 1976-njy, 1981-nji, 1984-nji, 1986-njy, 2008-nji ýyllarda çempion bolmagy başarypdy. 1946/47 möwsüminde esaslandyrylan NBA-da “Boston Seltiks” 1957-1969-njy ýyllar aralygynda 11 gezek çempion bolupdy. Şolaryň 8-sini yzly-yzyna gazanan “Boston Seltiks” bu ugurda rekordyň eýesidir. Şeýlelikde, 18-nji çempionlygyny gazanan “Boston Seltiks” NBA-nyň iň köp çempionlyk gazanan topary rekordynyň häzirlikçe ýeke-täk eýesi boldy. Ol 17 çempionlygy bolan köne bäsdeşi “Los Anjeles Leýkersden” öňe saýlanmagy başardy.

NBA-da iň köp çempionlyk gazanan 3-nji topar “Golden Steýt Warriors” bolup, san fransiskolylaryň 7 çempionlygy bar. “Çikago Bulls” 6, “San Antonio Spars” 5, “Filadelfiýa 76ers”, “Detroit Pistons”, “Maýami Hit” 3, “Nýu Ýork Niks”, “Hýuston Rokets” hem-de “Milwaki Baks 2 gezek çempion boldular. “Kliwlend Kawaliers”, “Atlanta Hawks”, “Waşington Wizards”, “Oklahoma Siti Tander”, “Portlend Treýl Bleýzers”, 2-nji gezek finalda utulan “Dallas Maweriks”, “Sakramento Kings”, “Toronto Reptors” hem-de geçen möwsümiň ýeňijisi “Denwer Naggets” toparlarynyň, şol sanda häzirki wagtda hereketde bolmadyk “Baltimor Ballets” toparynyň 1 NBA çempionlygy bar. NBA-da häzirki wagtda çykyş edýän 30 klubuň 20-si azyndan 1 gezek çempionlyk gazandy.

Final duşuşyklarynyň iň ökde oýunçysy diýlip, çempion toparyň ýyldyzy Jeýlen Brawn saýlandy. Ol Bill Rassell adyndaky MVP baýragy bilen sylaglandy. Ol final oýunlaryny ortaça 20,8 utuk, 5,4 ribaund hem-de 5 asist görkezijiler bilen tamamlady.

NBA-da soňky 6 ýylda 6 dürli klub çempionlyk gazandy. “Golden Steýt Warriorsyň” 2017-nji we 2018-nji ýyllarda gazanan bassyr çempionlygyndan soň hiç bir kluba yzly-yzyna çempionlyk gazanmak başardanok. Mundan öň ilkinji gezek 1975-1980-nji ýyllar aralygynda 6 dürli topar çempionlyk gazanypdy.