Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde serginlemek hem-de wagtymyzy has-da şadyýan geçirmek üçin iň gyzykly güýmenjeleriň biri hem ýüzmek bolsa gerek. Deňiz kenarynda, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde ýörite howuzlar bolup, bu ýerlerde çagalar üçin ýüzmäge mümkinçilikler döredilen. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda suw-sport desgalary bolup, ol ýerlerde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen howuzlarda isleg bildirýänlere ýüzmegiň düzgünleri öwredilýär. Ýüzmek beden üçin iň peýdaly sport görnüşleriniň biri hasaplanýar. Eýsem, ýüzmegiň nähili peýdalary barka?!
Beýleki sport görnüşlerinden tapawutlylykda ýüzmek bedeniň ähli agzalarynyň deň derejede hereket etmegini talap edýär. Suwuň belli bir garşylygy bolup, ony ýeňip geçmek üçin güýç, tizlik, çydamlylyk we çeýelik gerek. Keseligine hereket edilýändigi sebäpli yzygiderli ýüzmegiň boýuň ösmegine hem peýdasynyň bardygy bellenilýär. Ýüzmek özüňe bolan ynamyňy berkidýär. Hünärmenler ýüzmek bilen meşgullanýan çagalaryň okuw derslerini has gowy özleşdirýändiklerini belleýärler.
Howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediň!
Ýüzüp bilmeýän bolsaňyz, çuň ýa-da akyp duran suwa girmekden saklanyň! Çünki bu siziň üçin howpludyr. Howuzdan ýa-da deňizden çykan badyňyza arassa suw bilen ýuwunmaly. Nahardan soň we aç wagtyň suwa girmek maslahat berilmeýär. Şol sebäpli naharlanylandan 1 sagat çemesi wagtdan soň ýüzmek maslahat berilýär.
Suwa girilende arassalygyna üns bermeli. Deňiz suwy şor (duzly) bolandygy üçin süýji suwa garanyňda, has dykyz bolýar. Şor suwa garanyňda süýji suwda ýüzmek has kyn. Ýata suwlara, hapa suwly köllere ýa-da suwy wagtly-wagtynda çalşylmadyk howuzlara girmekden gaça durmaly. Göz we deri keselleri suw arkaly hem geçip bilýär. Süýr günortan – Gün şöhlesiniň dik düşýän wagty suwa girmekden saklanmaly.
Çalt akýan suw ýüzmegi kynlaşdyrýar. Suwda howsala düşmek gark bolmagyň esasy sebäpleriniň biri bolup, dowla düşen adam aljyrap özüni ýitirýär. Şeýle ýagdaýlarda özüňi asuda alyp barmaly. Ýörite howuzlaryň töweregi typançak bolýandygy sebäpli, bu ýerlerde ylgamaly däl. Aýagyň taýyp, ýykylmagyňyz mümkin. Oýun edip hem bolsa, hiç kimi habarsyz suwa itmeli däl. Ýadanyňyzy duýan badyňyza suwdan çykmaly. Çuň, bulanyk we belet bolmadyk ýerleriňizde suwa girmekden saklanmaly. Suwa birden bökmeli däl. Ýüzmäge ökde bolsaňyz hem suwa gireniňizde ýanyňyzda kimdir biriniň bolmagyna üns beriň, ýekelikde ýüzmekden gaça duruň!