ABŞ-da dowam edýän Kopa Amerikada “D” toparçada Braziliýanyň ýygyndysy ilkinji ýeňşini gazandy. 1-nji duşuşykda Kosta Rika bilen golsuz deňme-deň oýnan Braziliýanyň ýygyndysy Paragwaýy 4-1 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda brazillere ýeňiş getiren gollaryň 2-sini 35-nji we 45+5-nji minutlarda Winisius Junior, beýlekileri-de 43-nji minutda Sawio bilen 65-nji minutda penaltiden Lukas Paketa geçirdi.

Kolumbiýa bolsa Kosta Rikanyň ýygyndysyny 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Luis Diaz (31 p), Dawinson Sançes (59) hem-de Kordoba tapawutlandy.

Toparçada Kolumbiýanyň ýygyndysy 6 toplap, çärýek finala adyny ýazdyrdy. 4 utukly Braziliýanyň ýygyndysy 3-nji duşuşygyny Kolumbiýa bilen geçirer.