1958-nji ýylyň 7-nji iýulynda ABŞ-nyň Prezidenti Duaýt Eýzenhauer Alýaska baradaky döwlet kanunyna gol çekýär. Şeýlelikde ABŞ bilen gury ýerden serhedi bolmadyk Alýaska ýurduň 49-njy ştaty bolýar. Alýaskanyň 49-njy ştat hökmünde ABŞ-nyň düzümine girmegi bilen 1959-njy ýylda ABŞ-nyň 49 ýyldyzly täze baýdagynyň raýatlara tanyşdyrylyş dabarasy bolýar.
ABŞ Alýaskany 1867-nji ýylda Russiýadan 7,2 million dollar satyn alýar.