Fransiýanyň sagçy “Milli bileleşik” partiýasynyň wekilleri Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban tarapyndan Ýewropa Parlamentinde döredilen sagçy güýçleriň “Ýewropanyň patriotlary” bileleşigine goşular. Bu barada “Politico” ýazýar.
Çeşmeler “Milli bileleşikden” gelen topar bilen bilelikde sagçy partiýalaryň täze bileleşiginiň Ýewropa parlamentinde üçünji uly syýasy güýje öwrüljekdigini habar berýär. Häzirlikçe “Milli bileleşik” parlament fraksiýasynyň başlygy Marin Le Peniň wekiliýetinden 30 sany Ýewropa wekili henizem sagçy “Şahsyýet we demokratiýa” fraksiýasyna girýär. Olaryň “Ýewropanyň patriotlary” toparyna goşulmagy, Fransiýada geçirilen nobatdan daşary saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýeňilenden soň yraň atan “Milli bielleşigiň ” ýagdaýyny ep-esli güýçlendirer.