Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky 33-nji bäsleşigiň bije atyşlygy geçirildi. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 9-sy gatnaşar. Bu barada «Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Futbol boýunça Türkmenistanyň Kubogy – 2024 ýaryşy 11- nji awgustda deslapky tapgyr bilen başlar, bu ýaryşda geçen ýylky milli çempionatyň iň pes oýnan iki topary «Merw» (Mary) we «Şagadam» (Türkmenbaşy) toparlary duşuşarlar. Bu garşydaşlaryň ilkinji duşuşygy 11-nji awgustda Mary welaýatynda, jogap oýunlary bolsa 14-nji awgustda Türkmenbaşyda geçer. Bu ýaryşyň ýeňijisi çärýek finalda «Altyn asyr» topary bilen duşuşar.
Galan çärýek final oýunlarynda şu toparlar duşuşarlar: «Arkadag» – «Energetik», «Nebitçi» – «Aşgabat», «Ahal» – «Köpetdag». Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 24-25-nji awgustda sanawda ilkinji görkezilen toparlaryň meýdançalarynda, jogap oýunlary bolsa 2-3-nji sentýabrda geçiriler.
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň ýarym finalyň birinji duşuşyklary 12-13-nji sentýabrda geçiriler. Ýarym final we final duşuşyklarynyň senesi soň kesgitlener.