«Microsoft» kompaniýasyny esaslandyryjy, milliarder Bill Geýts tomusda okamak üçin her ýylky kitap sanawyny mälim etdi. Geýts kitaplaryň her biriniň ýanyna maslahat beriş hatlaryny hem goşdy. Sanawa telekeçiniň pikiriçe, özgelere kömek edýänleriň ýagşy niýetleri, olaryň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şeýle işiň ähmiýeti barada pikirlenmäge mejbur edýän eserler girdi. Geýtsiň düzen sanawynda şu kitaplaryň üstünde durlup geçilýär.
Kristin Hannan, «Zenanlar»: Wýetnamdaky söweşleri başyndan geçiren şepagat uýasy hakdaky roman. «Bu başyndan geçiren güzaplary üçin ykrar edilmäge mynasyp bolan weteranlara goýlan ajaýyp hormatdan nyşandyr».
Kris Anderson, «Ýokuşagan jomartlyk»: aýratyn şahsyýetlerden başlap, ähli kompaniýalara çenli hemmetaraplaýyn sahylygy ösdürmegiň meýilnamasy. «Eger siz has adalatly dünýäni döretmäge kömek etmek isleseňiz, ýöne nämeden başlajagyňyzy bilmeýän bolsaňyz, onda «Ýokuşagan jomartlygy» okaň, çünki bu kitap siziň üçin ýazylan ýalydyr».
Sel Han, «Batyrgaý täze sözler»: emeli aňyň bilimiň hilini düýpgöter gowulandyryp, hemmeler üçin elýeterli we täsirli edip biljekdigine bil baglaýan garaýyş. «Bilimiň geljegine Sel Handan gowy düşünýän başga adam ýok bolsa gerek, şonuň üçin men bu kitaby okamagy maslahat berýärin».
Dewid Bruks, «Adamy nädip tanamaly?»: adamlar bilen aragatnaşyk saklamak we pikir alyşmak ukybynyň ösdürilýän endiklerdigi hakyndaky kitap. «Men Dewidiň «Häsiýete barýan ýol» atly öňki kitabyny gowy görüpdim, ýöne bu kitap has-da üýtgeşik». Ol «Örän ünsli diňlemek» diýilýän zat barada peýdaly maslahatlary berýär, bu tejribe başgalaryň özüni diňländigini we gadyrynyň bilinýändigini duýmaga kömek eder».
Şeýle hem işewür «Çaman atlar» atly seriala tomaşa etmegi maslahat berdi.
Meşhur işewür her ýylyň tomus we gyş pasyllarynda, adatça, bäş sany kitaby okamagy maslahat berýär.