Taryhda birnäçe açyşlar ýalňyşlyk bilen ýa-da garaşylmadyk ýagdaýda tötänleýin tapylypdyr. Indi bolsa başga bir planetada hem ýalňyşlyk bilen açyş edildi. NASA-nyň Marsyň ýüzündäki “Curiosity” roboty bir daşyň üstünden geçende, ýalňyşlyk bilen ony döwüpdir. Şeýlelikde onuň düzümindäki kükürdüň sap arassa formasy ýüze çykypdyr. Şeýlelikde Gyzyl planetada bu elementiň bardygy ýüze çykaryldy. 2012-nji ýylda Marsa gondurylan alty tigirli enjamyň agramy 900 kilograma barabar. Sulfat Marsda köp duş gelýän hem bolsa, kükürdiň arassa görnüşi ilkinji gezek tapyldy. Astronomlar bu ýerde köp mukdarda kükürdiň bolup biljekdigine ünsi çekýärler. NASA-nyň “Curiosity” taslamasynda işleýän Aşwin Wasawada arassa kükürtden emele gelen daşly meýdany tapmagyň, çölde jülgäniň üstünden barana meňzeýändigini aýdyp, indi bolsa, onuň sebäbiniň öwrenilmelidigini belledi.
Adatça sulfat himiki birleşme görnüşindäki kükürdiň suwdaky beýleki mineral maddalar bilen garyşmagy netijesinde emele gelýän duzlardyr. Suw bugaranda minerallar garyşýar we guraýar, yzynda bolsa sulfat galýar.
Ýagny Marsda sulfatyň bolmagy geçmişde ol ýerde suwuň hem bolan bolmagynyň mümkindigini aňladýar.