Amerikaly ýüzüji zenan Keýti Ledeki 800 metre aralyga erkin ýüzmekde altyn medala mynasyp boldy. Ol Olimpiýa oýunlaryndaky 9-njy altyn medalyny gazanyp, bu ugurda zenanlaryň arasynda rekordyň eýesi bolan russiýaly Larisa Latynina bilen deňleşdi. Ledeki Parižde 1500 metr ýaryşynda-da ýeňiji bolupdy. Onuň umumylykda 14 Olimpýa medaly bar (4 kümüş, 1 bürünç). Ledeki bu 14 medaly 4 Olimpiýa oýunlarynda gazanmagy başardy. Jemi 18 Olimpiýa medaly bolan Latynina 3 Olimpiadada bu görkezijä ýetipdi.