5-nji aw­gust­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy.
Döw­let Baş­tu­tan­la­ry bi­rek-bi­rek bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, stra­te­gik hä­si­ýe­te eýe bo­lan türk­men-ga­zak gat­na­şyk­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ry üçin Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­we tüýs ýü­rek­den min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy bi­len däp bo­lan dost­luk gat­na­şyk­la­ry bi­ziň halk­la­ry­my­zy bir­leş­dir­ýän köp­ýyl­lyk hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, öza­ra dü­şü­niş­mek ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýar. Şeý­le hem iki döw­le­tiň hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­de ýa­kyn­dan hyz­mat­daş­lyk ed­ýän­di­gi, äh­lu­mu­my, se­bit sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ga­ra­ýyş­la­ry­nyň ga­bat gel­ýän­di­gi ýa-da ýa­kyn­dy­gy, bi­rek-bi­re­giň baş­lan­gyç­la­ry­ny gol­da­ýan­dyk­la­ry nyg­tal­dy.
Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hoş­ni­ýet­li söz­ler üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowy Ga­za­gys­ta­na sa­par bi­len gel­mä­ge hem-de As­ta­na­da ge­çi­ril­jek Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň Baş­tu­tan­la­ry­nyň al­tyn­jy kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­na we “Mer­ke­zi Azi­ýa — Ýa­po­ni­ýa” dia­lo­gy­nyň bi­rin­ji sam­mi­ti­ne gat­naş­ma­ga uly hor­mat bi­len ça­gyr­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek be­ýan et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ça­ky­lyk üçin ga­zak kär­de­şi­ne min­net­dar­lyk bil­di­rip, ça­ky­ly­gy hor­mat bi­len ka­bul et­di hem-de öň­de bol­jak du­şu­şyk­lar­da be­ýan edil­jek baş­lan­gyç­la­ryň se­bit­de hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri­ni kes­git­le­mä­ge ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di we ola­ryň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ni ar­zuw et­di.
Söh­bet­deş­li­giň do­wa­myn­da dür­li ugur­lar­da ok­gun­ly ös­dü­ril­ýän iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça gy­zyk­lan­ma bil­di­ri­lip pi­kir al­şyl­dy. Mu­nuň özi söw­da-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­la­ry, hal­ka­ra gi­ňiş­lik­de hyz­mat­daş­ly­gy ut­gaş­dyr­mak ýa­ly me­se­le­le­ri öz içi­ne al­ýar.
Bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry, hu­su­san-da, gaz, ener­ge­ti­ka pu­dak­la­ryn­da, üs­ta­şyr ulag ul­ga­myn­da tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­si gi­ňiş­le­ýin ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedow we Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ulag ul­ga­my­na aý­ra­tyn üns çe­kip, ozal ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, yzy­gi­der­li ýag­daý­da ge­çi­ril­ýän hem-de yna­nyş­mak hä­si­ýe­ti­ne eýe bo­lan ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki du­şu­şyk­lar türk­men-ga­zak gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýa­kyn­da hor­mat­ly myh­man hök­mün­de Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň sam­mi­ti­ne gat­naş­mak üçin As­ta­na şä­he­ri­ne ama­la aşy­ran sa­pa­ry­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň, hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­niň bir­nä­çe­si­ne ga­ra­lan “ŞHG+” gör­nü­şin­dä­ki du­şu­şy­gyň jem­le­ri­niň iki ýur­duň ara­syn­da­ky ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ryň çuň­laş­dy­ryl­ma­gy­na uly go­şant bol­jak­dy­gy­na ynam bil­di­ril­di.
As­ta­na­da be­ýik türk­men şa­hy­ry we akyl­da­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ýa­dy­gär­li­gi­niň otur­dy­lan­dy­gy, onuň türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri­niň dost­luk­ly ýur­da sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Par­la­men­ti­niň Se­na­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň gat­naş­ma­gyn­da 4-nji iýul­da da­ba­ra­ly ýag­daý­da açy­lan­dy­gy bel­le­nil­di. Aş­ga­bat­da bol­sa meş­hur ga­zak şa­hy­ry we fi­lo­so­fy Abaý Ku­nan­ba­ýe­wiň öz­bo­luş­ly kom­po­zi­si­ýa­ny özün­de jem­le­ýän heý­ke­li bi­na edi­ler. Bu­la­ryň äh­li­si bi­ziň halk­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky ta­ry­hy taý­dan eme­le ge­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mi­ze­mez­di­gi­niň ny­şa­ny­dyr.
Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, Pre­zi­dent Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowa mä­hir­li sa­la­my­ny we iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da tä­ze we­him­le­riň ýü­ze çyk­ýan şert­le­rin­de se­bit de­re­je­sin­de ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy­nyň mö­hüm­di­gi bel­le­nil­di. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň se­bi­tiň äh­li döw­let­le­ri bi­len dost-do­gan­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň mun­dan beý­läk-de pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na berk yg­rar­ly­dy­gy tas­syk­la­nyl­dy.
Dost­luk­ly ýur­duň Baş­tu­ta­ny te­le­fon söh­bet­deş­li­gi­niň ahy­ryn­da türk­men kär­de­şi­ni Ga­za­gys­tan­da ge­çi­ril­jek mö­hüm fo­rum­la­ra uly hor­mat bi­len ça­gyr­ýan­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek mä­lim et­di.
Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedow we Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýew hoş­la­şan­la­ryn­da, bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk, jo­gap­kär­li döw­let işin­de üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň hem-de Ga­za­gys­ta­nyň do­gan­lyk halk­la­ry­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, ösüş, aba­dan­çy­lyk ar­zuw et­di­ler.