Astronomlar golaýda örän seýrek duş gelýän kosmiki hadysany anykladylar. Gün ulgamynyň ikinji uly planetasy bolan Saturn özüne golaýlap gelýän kometany Gün ulgamynyň daşyna çykaryp goýberdi. Şeýle hadysa mundan ozal 1980-nji ýylda hasaba alnypdyr. Astronomlar ilki Saturna tarap, soňra bolsa, Gün ulgamynyň daşyna tarap hereket edýän asman jisimini anykladylar. «Comet A117uUD» diýlip atlandyrylan bu kometa 14-nji iýunda Gawaidäki Astronomiýa institutynyň ATLAS atly ulgamy tarapyndan anyklanypdyr. NASA tarapyndan esaslandyrylan ATLAS ulgamyna degişli jemi dört teleskop bar. Olaryň ikisi Gawai adasynda, biri Çilide, ýene biri Günorta Afrikada ýerleşýär. Astronomlar kometanyň hereketlerini yza saradyp görenlerinde, asman jisiminiň 2022-nji ýylda Saturn planetasyna baryp ýetendigini we planetanyň dartyş güýji bilen kometany sagatda 10 müň 700 kilometr tizlik bilen «zyňyp» goýberendigini anykladylar.
Mundan ozal 1980-nji ýylyň 9-njy dekabrynda «Comet C/1980 E1» atly kometa Ýupiter planetasy tarapyndan Gün ulgamynyň daşyna goýberilipdi.