Hazar deňziniň kenary ýurdumyzyň hem-de dünýäniň täze syýahatçylyk mekanyna öwrüldi. Gojaman Hazaryň türkmen kenarynda köp sanly kaşaň myhmanhanalar, çagalara we ululara niýetlenen sagaldyş we dynç alyş merkezleri, kottejlerdir seýilgäh-dynç alyş toplumlary peýda boldy. Netijede, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä derejesindäki dynç alyş, syýahatçylyk hem-de halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmünde ykrar edildi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmeginiň taryhy 2007-nji ýylyň maý aýyndan gözbaş alýar. Şol aýda deňiz ýakasyndaky Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň Prezidentleriniň duşuşygy geçirilip, onda Gahryman Arkadagymyz deňiz ýakasynda dünýä derejeli syýahatçylyk zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Şondan soňra bu ýerde deňi-taýy bolmadyk taslama durmuşa geçirilip başlandy. Häzirki wagtda bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy syýahatçylygyň täze mekanyna öwrülip, halkara derejeli medeni forumlaryň, aýdym-saz bäsleşikleriniň, dürli işewürlik we ylmy maslahatlaryň geçirilýän ýeri hökmünde meşhurlyk gazanýar.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Hazaryň ekologiýasyny gorap saklamak, tebigy baýlyklaryny aýawly peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksatlarynyň biridir. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölümi tarapyndan hem Hazar deňziniň baýlyklaryny, ösümliklerini we haýwanat dünýäsini ýerlikli peýdalanmak, köpeltmek, geljekki nesillerimize ýetirmek, ýaş nesillerde tebigata bolan söýgini terbiýelemek, olarda tebigat bilen sazlaşykly ýaşamaga höwes döretmek, işjeňliklerini artdyrmak babatda edara-kärhanalarda, okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Ählihalk çäresine öwrülen agaç nahallaryny oturtmak işleri netijesinde diňe bir Hazaryň kenarýakasy däl, eýsem, tutuş ýurdumyz bagy-bossanlyga öwrülýär. Soňky 25 ýylyň içinde emeli tokaý zolaklarynyň meýdany 200 müň gektardan, ekilen nahallaryň sany bolsa 150 milliondan geçdi.
Biziň ýurdumyz Hazarýaka döwletleriň arasynda energetika, ulag-logistika, senagat, söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Hazar deňziniň kenaryndaky Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty köp sanly iri halkara ulag geçelgeleriniň merkezine öwrüldi. Häzirki wagtda Hazar, Gara we Baltika deňizleriniň arasynda täze ulag ugurlaryny döretmek, bu sebiti Ýakyn Gündogar we Ortaýer deňzi, Günorta hem-de Günorta-Gündogar Aziýa bilen baglanyşdyrýan ulag ulgamyny emele getirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu babatda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň möhüm «deňiz derwezesi» bolup hyzmat edýändigini aýratyn bellemek gerek.
Häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy dünýä syýahatçylygynyň merjenine öwrülip, türkmen halkynyň ykbalynda täzeçilligiň, döwrebaplygyň, täze durmuşyň özboluşly nyşanydyr.
Ýusup Gurbanmämmedow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
kompýuter ulgamlary we torlar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.