Şweýsariýaly inžener, uçarman Bertrand Pikkard Fransiýada «ýaşyl» wodorod bilen işleýän uçaryň önümçiligine başlady. Howa gämisiniň ilkinji synag uçuşynyň 2026-njy ýylda amala aşyrylmagyna garaşylýar.
Pikkard mundan ozal diňe ganatlaryna ýerleşdirilen Gün panellerinden alýan energiýasy bilen işleýän uçary işläp taýýarlapdy hem-de onuň bilen Ýer ýüzüniň daşyndan aýlanypdy. Inženeriň täze taslamasynyň çäginde öndüriljek uçaryň bolsa, hiç hili düşlemezden Ýeriň daşyndan aýlanmagy maksat edinilýär. Pikkardyň maksady arassa energiýany durmuşda peýdalanyp boljakdygyny görkezmekden ybarat. «Climate Impulse» atly täze uçar 2028-nji ýylda doly taýýar bolar. Pikkard bu uçary bilen 9 günüň dowamynda Ýer togalagynyň daşyndan aýlanmagy maksat edinýär.
Pikkard mundan ozal 2015-nji ýylyň 9-njy martynda «Solar Impulse 2» atly uçary bilen Abu-Dabiden ýola çykypdy. 16 aýdan gowrak wagtdan soň, 2016-njy ýylyň iýul aýynda Ýeriň daşyndan aýlanyp, ilki Ispaniýanyň Sewilýa şäherine, soňra uçan ýerine barypdy. Şeýlelikde, ol howa gämisiniň bir damja nebit ýangyjyny ulanmazdan uçup biljekdigini görkezdi. Bu taslama arassa energiýa we awiasiýa pudagyndaky uly ösüşleriň biri hasaplanýar.