Türk­men hal­ky özü­niň gaý­ta­lan­ma­jak köp asyr­lyk ta­ry­hyn­da mil­li gym­mat­lyk­la­ry­ny hem-de ýö­rel­ge­le­ri­ni ke­ma­la ge­tir­di. Hal­ky­myz­da dil­den di­le ge­çip ge­len «Mas­la­hat­ly bi­çi­len don gys­ga bol­maz», «Ge­ňeş­li ýer­de kem­lik ýok, ge­ňeş­siz ýer­de – deň­lik» di­ýen ýa­ly da­na pä­him­le­riň dö­re­dil­me­gin­de hem uly ma­ny bar. Ata-ba­ba­la­ry­myz il sy­lag­ly ýa­şu­lu­lar, jem­gy­ýe­tiň dür­li gat­la­gy­nyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de äh­li­halk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, ýurt äh­mi­ýet­li iň wa­jyp sy­ýa­sy, dur­muş, yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri ara alyp mas­la­hat­la­şyp­dyr­lar. Ila­tyň äh­li gat­lak­la­ry­nyň mö­hüm jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy çöz­güt­le­riň ka­bul edil­me­gi­ne gat­naş­ma­gy­ny üp­jün edip, de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­rip, hal­kyň pi­ki­ri­ne hor­mat go­ýup döw­let äh­mi­ýet­li ka­rar­la­ry, çöz­güt­le­ri ka­bul edi­p­dir­ler. Şeý­le asyl­ly däp­le­re, ýö­rel­ge­le­re esas­la­nyp, türk­men hal­ky­nyň döw­let gur­lu­şy ba­bat­da ýüz­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ta­ry­hyn­da top­lan tej­ri­be­si­ni hem­me­ta­rap­la­ýyn na­za­ra alyp, 2023-nji ýy­lyň 21-nji ýan­wa­ryn­da halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy – Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­di.
Ata-ba­ba­la­ry­myz­dan bi­ze mi­ras ga­lan döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de de­mok­ra­tik, hu­kuk, dün­ýe­wi döw­le­ti­mi­ziň mil­li ka­nun­çy­ly­gy bi­len ber­ki­dil­ýär. Halk hä­ki­mi­ýet­li­li­gi­niň we de­mok­ra­ti­ýa­nyň äh­li ala­mat­la­ry­nyň iň naý­ba­şy usul­la­ry­ny ka­nun­çy­lyk ar­ka­ly ber­ka­rar ed­ýän döw­le­ti­miz­de Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na esas­lan­ýan «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­on Ka­nu­ny­na la­ýyk­lyk­da he­re­ket ed­ýän halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­dyr. Bu ba­ra­da Ka­nu­nyň 1-nji mad­da­syn­da «Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çy­lyk-hu­kuk ul­gam­lar­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty dö­re­dil­ýär» diý­lip ber­ki­di­len­dir.

Hal­ka sa­la sal­mak, ge­ňeş­mek, ila­tyň tek­lip­le­ri­ni sel­jer­mek, şo­la­ryň esa­syn­da oňyn çöz­güt­le­ri çy­kar­mak ýa­ly asyl­ly däp­le­riň ke­pi­li bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň hu­kuk ýag­daý­la­ry­ny kes­git­le­ýän Kons­ti­tu­si­on Ka­nu­nyň ka­da­la­ry aýan­lyk, de­mok­ra­ti­ýa, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy, ada­lat­ly­lyk, hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny ile­ri tut­mak bi­len be­ýan edil­ýär. Halk Mas­la­ha­ty mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň äh­li pu­dak­la­ry­ny saz­laş­dyr­mak bi­len, döw­let de­re­je­sin­de bi­le­lik­dä­ki he­re­ket­len­di­ri­ji güýç hök­mün­de çy­kyş ed­ýär. Bu we­kil­çi­lik­li eda­ra­nyň he­ma­ýa­ty bi­len her bir ada­myň dö­re­di­ji­lik­li, ha­lal zäh­me­ti­niň döw­let de­re­je­sin­de gol­da­nyl­ýan­dy­gy­ny, ýo­ka­ry ba­ha my­na­syp bol­ýan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar. Şeý­le gol­daw bol­sa türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baý dur­muş we sy­ýa­sy tej­ri­be­si­niň hal­ky­my­zyň gu­ru­jy­lyk, dö­re­di­ji­lik pä­him-paý­ha­sy­nyň ne­ti­je­si­dir. «Döw­let adam üçin­dir!» diý­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen yn­san­per­wer ýö­rel­ge­den ugur al­ýan hormatly Prezidentimiziň ýur­du­my­zy, hal­ky­my­zy beý­gelt­mek ug­run­da ed­ýän ala­da­sy­nyň ne­ti­je­sin­de bu gün Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty jem­gy­ýe­ti do­lan­dyr­ma­gyň iň kä­mil ins­ti­tut­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rül­di. Bu bol­sa ýur­du­myz­da halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň işi­ne be­ril­ýän ýo­ka­ry ba­ha­dyr, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr.
Hä­zir­ki dö­wür­de yl­ma da­ýan­mak, yl­my esas­da ne­ti­je­li­li­gi ga­zan­mak we ýur­du­my­zyň ýe­ten sep­git­ler­den ruh­la­nyp, mil­li­lik­le­ri­mi­ze gu­wa­nyp ata Wa­ta­ny­my­zy has-da ýo­ka­ry gal­dyr­mak üçin ag­zy­bir­lik­de, bi­te­wü­lik­de he­re­ket et­mek ba­ra­da öňe sü­rül­ýän ça­gy­ryş­la­ryň wa­jyp­ly­gy­na, onuň äh­mi­ýe­ti­ne, il­deş­le­ri­mi­ziň her bi­ri­niň aý­dyň dü­şün­me­gi ge­rek. Halk Mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi ýa­şu­lu­lar bi­len ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da­ky bag­la­ny­şy­gy has aý­dyň ýü­ze çy­kar­ýar, bu bag­la­ny­şyk türk­men hal­ky­nyň mil­li ga­ra­ýyş­la­ry esa­syn­da döw­re­bap şert­ler­de, tä­ze­çe çe­me­leş­me­ler ar­ka­ly, mil­li ýö­rel­ge­le­re da­ýa­nyp has-da ös­dü­ril­ýär. Tä­ze ta­ry­hy dö­wür­de asyl­ly pent-ne­si­hat­la­ra eýe­ril­ýän­di­gi­ni, il-ýurt bäh­bit­li, döw­let äh­mi­ýet­li me­se­le­le­riň, çöz­güt­le­riň gö­nü­den-gö­ni halk bi­len mas­la­hat­la­şy­lyp çö­zül­ýän­di­gi­ni Halk Mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gin­de hem gör­mek bol­ýar. Eziz Di­ýa­ry­myz­da aý­ra­tyn iş­jeň­li­ge eýe bol­ýan dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­tiň we ba­zar gat­na­şyk­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň hal­kyň he­re­ket­le­ri­ni, bäh­bit­le­ri­ni ut­gaş­dyr­ma­gyň hä­zir­ki döw­rüň ze­rur­ly­gy bi­len dü­şün­dir­mek bo­lar. Ýur­du­myz ju­da çalt öz­ger­ýän, yk­dy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ös­ýän, ta­ry­hy iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän ýur­dy­na öw­rül­di. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni hal­ky­my­zyň hal-ýag­da­ýy­nyň go­wu­lan­ma­gyn­da, ila­ty­my­zyň sa­ny­nyň art­ma­gyn­da, ba­zar­la­ry­my­zyň bol­çu­ly­gyn­da, ça­ga­la­ry­my­zyň döw­re­bap bi­lim-ter­bi­ýe al­ma­gyn­da, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, eş­ret­li ýa­şaý­şyn­da gör­mek bol­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty jem­gy­ýet bi­len döw­le­tiň ara­syn­da­ky köp­ri bo­lup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baş­tu­tan­ly­gyn­da bar­ha ber­ki­dil­ýän mil­li döw­let­li­lik ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi da­ba­ra­lan­dyr­ýar. Ada­my jem­gy­ýe­tiň iň gym­mat­ly baý­ly­gy hök­mün­de kes­git­le­ýän tä­ze ta­ry­hy dö­wür – bu gün köp dü­şün­je­le­re, ga­ra­ýyş­la­ra, he­re­ket­le­re tä­ze ma­ny-maz­mun ber­ýär, ola­ra tä­ze­çe rö­wüş çaý­ýar. Hä­zir ýur­du­myz­da ra­ýat­la­ryň ka­nu­ny bäh­bit­le­ri­ni, azat­lyk­la­ry­ny, zäh­met çek­mä­ge, eýe­çi­li­ge, öz pi­ki­ri­ni er­kin be­ýan et­mä­ge we go­ra­ma­ga bo­lan kons­ti­tu­si­on hu­kuk­la­ry­ny iş ýü­zün­de dur­mu­şa ge­çir­ýän jem­gy­ýet­çi­lik gur­lu­şy ke­ma­la gel­ýär. Jem­gy­ýet yk­dy­sa­dy ösü­şi ga­zan­mak bi­len, dur­muş mak­sat­na­ma­la­ry­ny gi­ňelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ra ta­rap ugur al­ýar. Bu gün­ki gün jem­gy­ýe­tiň we­kil­le­ri­niň baş­lan­gyç­la­ry­na, pik­iri­ne hor­mat go­ýul­ýar. 2024-nji ýy­lyň şy­ga­ry­nyň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy hal­ka­ra de­re­je­de giň­den da­ba­ra­lan­dy­ryl­ýan Gün­do­ga­ryň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň hem-de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ýi­ti ze­hi­nin­den dö­rän akyl­dar şa­hy­ra ba­gyş­lap ýa­zan «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» at­ly aja­ýyp goş­gu­sy bi­len bag­la­ny­şyk­ly bol­ma­gy aý­ra­tyn ma­ny-maz­mu­na eýe. Mu­nuň özi türk­men hal­ky­nyň be­ýik şa­hy­ry­na, onuň baý ede­bi mi­ra­sy­na çuň­ňur hor­mat-sar­pa­sy­nyň aý­dyň ny­şa­ny bo­lup dur­ýar. Da­na Py­ra­gy­:
Kö­ňül­ler, ýü­rek­ler bir bo­lup baş­lar,
Tart­sa ýy­gyn, erär top­rak­lar-daş­lar,
Bir sup­ra­da taý­ýar ky­lyn­sa aş­lar,
Gö­te­ri­ler ol yk­ba­ly türk­me­niň –
di­ýip türk­men hal­ky­nyň bir sup­ra­nyň ba­şy­na ýyg­nan­ma­gy­ny, bir döw­le­te gul­luk et­me­gi­ni, türk­me­niň yk­ba­ly­nyň gö­te­ril­me­gi­ni ar­zuw­la­ýar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň şeý­le ar­zuw­la­ry­nyň ama­la aşan, bir ýe­re jem bo­lan, bir döw­le­te gul­luk ed­ýän türk­men hal­ky döw­let Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny uly da­ba­ra bi­len bel­le­nil­jek gün­le­rin­de döw­let­li mas­la­hat ge­çi­rer. Bu üs­tün­lik­le­re da­na Py­ra­gy­nyň wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi, tu­tan­ýer­li­li­gi, mak­sa­da ok­gun­ly­ly­gy, zäh­met­sö­ýer­li­gi, ata Wa­ta­ny­na, Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize bo­lan be­ýik söý­gü­si bi­len ýe­til­di. Ýe­ri ge­len­de bel­le­me­li zat­la­ry­my­zyň bi­ri hem «Türk­me­nis­ta­nyň «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň 300 ýyl­ly­gy­na» at­ly ýu­bi­leý me­da­ly­ny dö­ret­mek ha­kyn­da», «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň me­de­ni mi­ra­sy ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi şa­hy­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­lyk to­ýu­nyň da­ba­ra­sy­ny has-da beý­geld­ýär.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­ny ös­dür­mek ba­bat­da ta­ry­hy iş­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gin­de, bu ugur­da mö­hüm baş­lan­gyç­la­ryň öňe sü­rül­me­gin­de iş­jeň he­re­ket ed­ýär. Bu umu­my­mil­li fo­rum döw­le­tiň do­lan­dy­ry­jy, ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji, ka­nun çy­ka­ry­jy dü­züm­le­ri bi­len ut­ga­şyk­ly he­re­ket edip, äh­li iş­ler­de hal­kyň is­leg-ar­zuw­la­ry­nyň, tek­lip­le­ri­niň, baş­lan­gyç­la­ry­nyň giň­den şöh­le­len­me­gin­de mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ga­ral­jak me­se­le­ler, ka­bul edil­jek çöz­güt­ler hal­ky­my­zy bir mak­sa­da – döw­le­ti­mi­ziň gül­läp ös­me­gi­ne, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, aba­dan ýa­şa­ma­gy­na, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy ga­zan­mak we­zi­pe­si­ni amal et­mä­ge gö­nük­di­rer. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zy ösü­şiň ak ýo­lu­na ata­ryp, bi­le­lik­de we ag­zy­bir­lik­de et­me­li iş­le­ri kes­git­läp, adam­la­ryň dö­re­di­ji­lik uky­by­nyň art­ma­gy­na tä­ze esas­la­ry dö­red­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi ýur­du­myz­da di­ňe bir mil­li par­la­men­tiň ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­ne däl, eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­nuk­ly, pa­ra­hat­çy­lyk­ly ösü­şe gö­nük­di­ri­len içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň tä­si­ri­ni has-da ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, döw­let mak­sat­na­ma­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­mek bi­len, sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik ul­gam­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry­ny hem be­lent mak­sat­la­ryň da­şyn­da jem­le­ýär. Bi­ziň her bi­ri­miz şeý­le be­ýik dö­wür­de ýa­şa­ýan­dy­gy­my­za gu­wan­ma­ga, buý­san­ma­ga hak­ly­dy­rys. Akyl­dar şa­hy­ry­myz Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ar­zuw­lan ber­ka­rar döw­le­ti­niň bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dy­ryp, il-hal­ky­my­za bag­ty­ýar dur­mu­şy peş­geş be­ren türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak, halk bäh­bit­li alyp bar­ýan iş­le­ri ro­waç bol­sun.

Ne­pes Ro­zy­ýew,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.