Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda möhüm ähmiýeti bolan, uludan toýlanylýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bosagada dur. Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Berkarar döwletimiziň mizemezliginiň, il-günümiziň agzybirliginiň we abadançylygynyň binýadydyr.
Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň dowamynda geçilen ýola nazar aýlap, ýurdumyz üçin garaşsyz ösüşiň näderejede netijeli, gymmatly, ýeňişli bolandygyna taryhy nukdaýnazardan baha bermek bolýar. Garaşsyzlyk döwrüniň başlanmagy bilen, düýpli özgertmeleriň, ägirt uly täzelenişiň döwri başlandy. Eziz Watanymyzyň garaşsyz ösüşiniň binýadyna ýurdy düýpgöter täzelemeklige gönükdirilen, ylmy esasda oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmeler goýuldy. Ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna, dünýäniň iň gowy tejribesine daýanyp ykdysady we durmuş-medeni ösüş göz öňünde tutuldy. Türkmen halkynyň egsilmez ruhy güýjüne, özboluşly taryhy-medeni mirasyna esaslanýan döwlet syýasaty geljekki ösüş ýoluny üpjün etdi.
Ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen bellenilýän baýramlaryň naýbaşysy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk toýuna halkymyz zähmet üstünlikleri bilen barýar. Ähli pudaklarda uly ösüşler gazanylýar.
Gazanylan üstünlikler barada söz açylanda hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny sazlaşykly ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýratyn bellemek gerek. Munuň özi ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda ähli amatlyklary bolan bilim ojaklary, häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, sport mekdepleri gurlup ulanmaga berildi.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk ýola goýmak, bilimli, terbiýeli, zehinli, ruhy hem-de beden taýdan sagdyn ýaşlary ösdürip ýetişdirmek üçin ençeme işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça alnyp barylýan işler öz oňyn netijesini berýär.
Şeýle-de, sanly bilim tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, okuw-görkezme esbaplary taýýarlanylýar. Bu bolsa sanly bilimiň biziň ýurdumyzda günsaýyn ösýändiginiň, özgerýändiginiň, dünýä ülňülerine laýyk derejä ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlarda ýeten belent sepgitlerini bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezýän şanly senedir. Baş baýramymyz mynasybetli geçirilýän çäreler we guwandyryjy wakalar ähli halkymyzyň ýüreginiň diňe Watan diýip urýandygyna şaýatlyk edip, her birimizi çäksiz buýsandyrýar. Ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny beýgelden türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun.
Näzik Döwranowa,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň kompýuter ulgamlary we torlar kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.