Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz Watanymyzy senagat taýdan ösen ýurda öwürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça öňde goýan belent wezipeleri halkymyzyň doly goldawyna mynasyp bolýar. Türkmenistanyň her bir raýaty öz zähmet çekýän pudagynda ýadawsyz zähmeti bilen Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine mynasyp goşandyny goşýar.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda amala aşyrylýan ösüşler Türkmenistany parahat, asuda, abadan ýurda öwürdi. Ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, elektroenergetika, dokma senagaty, himiýa pudagy, syýahatçylyk ýaly ugurlarda giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şäherlerimiziň we obalarymyzyň binagärlik keşbi düýpli özgerýär. Olarda ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, täze mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş merkezleri we medeniýet öýleri, stadionlar hem-de şypahanalar, beýleki durmuş-ykdysady desgalar gurulýar. Netijede, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Çünki ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine, pudaklaryň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Giň gerimli demokratik özgertmeler jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň ösüş derejesiniň, döwlet häkimiýetiniň, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň kämilleşmegine-de uly ýardam berdi. Garaşsyzlyk bizi täze belentliklere göterdi. Syýasy asudalygy halkyň jebisligini has-da berkitdi. Il-günüň bagtyýar durmuşynyň kanunçylyk-hukuk kepiline öwrüldi. Türkmenistanda ýokary wekilçilikli häkimiýet edarasy – Halk Maslahaty döredildi. Ol türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýar. Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen, wekilçilikli we kanun çykaryjy häkimiýetiň konstitusion hukuk ýagdaýy täzeçe kesgitlenildi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini şu ýylyň 24-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Häzirki günlerde ýurdumyzda bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Halk Maslahatynyň her bir mejlisi demokratiýamyzyň milli däpleriniň döwrebap röwüşde dowam etdirilýändiginiň özboluşly subutnamasyna öwrülýär. Agzybir halkymyzyň bähbitlerini esasy orunda goýýan bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleriniň çuňňur mazmunynda döwletiň we raýatyň gatnaşyklarynyň häzirki zaman dünýäsiniň ýokary talaplaryna esaslanmak arkaly, milli kanunçylyk ulgamynyň çäklerinde örän oýlanyşykly, döredijilikli, sazlaşykly ýola goýlandygyna doly göz ýetirmek bolýar. Şunda halkymyza mahsus ruhy-ahlak gymmatlyklaryň, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ýol-ýörelgelerimiziň bu babatdaky umumadamzat gymmatlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagy guwandyryjydyr.
Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyljak möhüm wezipeler hem-de kabul ediljek ilhalar çözgütler ýurdumyzyň berkararlyk ýyllary içinde gazananlaryny pugtalandyrmakda, bagtyýar durmuşymyzyň binýadyny berkitmekde egsilmez güýje öwrüler. Şeýle-de, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, jemgyýetçilik-syýasy, kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze taryhy eýýamyň belent sepgitlerine ýetmekde mynasyp orny eýelär. Munuň özi Watanymyzyň dünýä dolan şan-şöhratyny täze belentliklere göterip, milli demokratiýanyň hem-de halk bilen döwletiň bitewüliginiň, jebisliginiň gazanylýan ähli üstünliklerdäki mynasyp ornuny ýene bir ýola jümle-jahana ýaýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň altyn güýz paslynyň ilkinji aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşynda taryhy waka öwrüler. Onda kabul ediljek çözgütleriň bagtyýar raýatlarymyzyň buýsançly başlaryny göge ýetirjekdigini, olaryň kalplaryny buýsanja beslejekdigini ynam bilen aýdyp bileris.
Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäherinde agzybirlikde, jebislikde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgesiniň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýändigini nobatdaky gezek görkezer hem-de täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylar.
Kuwwat DURDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.