1991-nji ýy­lyň güý­zün­de dün­ýä­niň sy­ýa­sy kar­ta­syn­da Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan döw­le­ti peý­da bol­dy. Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň iň tä­ze ta­ry­hy, bi­ziň ösüş­le­ri­miz we üs­tün­lik­le­ri­miz dün­ýä bi­le­le­şi­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edi­len Ga­raş­syz­ly­gy­myz­dan baş­lan­ýar. Ge­çen 33 ýy­la go­laý döw­rüň do­wa­myn­da ýur­du­myz­da dün­ýä ýaň sa­lan ägirt uly iş­ler bi­ti­ri­lip, äh­li ugur­lar­da asyr­la­ra ba­ra­bar ýol ge­çil­di. Munuň özi eziz Di­ýa­ry­my­zyň dur­muş-yk­dy­sa­dy ösüş­le­riň tä­ze sep­git­le­ri­ne ta­rap yzy­gi­der­li öňe bar­ýan­dy­gy­ny, onuň hal­ka­ra ab­ra­ýynyň bar­ha ýo­kar­lan­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Ýur­du­myz Ga­raş­syz­ly­gy­ny alandan bä­ri ösü­şiň uzak möh­let­le­ýin mak­sat­la­ry­na ýet­mek­de mö­hüm şert bo­lan döw­let do­lan­dy­ry­şy­nyň ne­ti­je­li ul­ga­my­ny dö­ret­mek esa­sy we­zi­pe bol­ma­gyn­da gal­ýar. Esa­sy Ka­nu­ny­my­zyň ka­bul edil­me­gi jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy gat­na­şyk­la­ryň öz­ger­me­gi­ni şert­len­dir­di. Döw­let-hu­kuk ins­ti­tut­la­ry­nyň maz­mu­ny­na, döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň gu­ra­ly­şy­na düýp­li üýt­get­me­ler gi­ri­zil­di. Kons­ti­tu­si­ýa­da Ga­raş­syz­ly­ga uly orun ber­lip, ol sy­ýa­sy öz­gert­me­le­riň ka­da­ly do­wam et­me­gi üçin bin­ýat bo­lup hyz­mat et­di.
Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymyz: «Ga­raş­syz­lyk ata Wa­ta­ny­my­zyň ber­ka­rar­ly­gy­ny, şan-şöh­ra­ty­ny we ab­raý-mer­te­be­si­ni dün­ýä ýaý­ýan be­ýik gym­mat­ly­gy­myz­dyr» di­ýip nyg­ta­ýar. Şol şöh­rat­ly ýyl­lar­da ga­za­ny­lan ösüş­ler türk­men hal­ky­nyň ag­zy­bir­lik­de, je­bis­lik­de ýe­tip bil­me­jek men­zi­li­niň ýok­du­gy­ny äle­me äş­gär et­di. Türk­me­nis­tan döw­le­ti­miz ta­ry­hy jä­het­den ala­nyň­da örän gys­ga döw­rüň için­de dün­ýä­niň iň kuw­wat­ly döw­let­le­ri­niň ha­ta­ryn­da my­na­syp orun eýe­le­di.
Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ösüş ýo­lun­da­ky ýe­ti­len sep­git­le­riň ne­ti­je­le­ri­ne ta­ry­hy nuk­daý­na­zar­dan göz aý­lap, dur­mu­şyň äh­li ug­run­da uly ösüş­le­riň ga­za­ny­lan­dy­gy­na gu­wan­ýar­syň. Türk­men hal­ky öz mil­li mi­ra­sy­na, ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýol-ýö­rel­ge­si­ne sar­pa goý­mak bi­len, ag­zy­bir­lik bi­len dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çe­kip, eziz Wa­ta­ny gül-gül­zar­ly­ga, tä­ze üs­tün­lik­le­re bes­le­me­gi ba­şar­ýar. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ýur­du­my­zy has-da kuw­wat­lan­dyr­ma­ga, il-gü­nüň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny ke­pil­len­dir­mek bo­ýun­ça tä­ze mak­sat­na­ma­la­ra ba­dal­ga ber­me­gi ýur­duň uzak möh­let­le­ýin ösü­şi­ni na­zar­la­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ka­bul edil­ýän mil­li mak­sat­na­ma­lar ýur­du­myz­da ge­çi­ril­ýän yk­dy­sa­dy öz­gert­me­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni iş­läp düz­mä­ge ul­gam­la­ýyn çe­me­le­şil­me­gi­ni üp­jün ed­ýär. Giň ge­rim­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän yk­dy­sa­dy­ýe­ti se­na­gat­laş­dyr­mak sy­ýa­sa­ty tä­ze iş orun­la­ry­nyň sa­ny­nyň art­ma­gy­na, ýur­duň se­na­gat kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nü­den-gö­ni tä­sir ed­ýär. Şol bir wagt­da bu mak­sat­na­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi yk­dy­sa­dy­ýe­ti çig mal ön­dür­ýän ugur­dan ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­lar se­na­ga­ty­na da­ýan­ýan in­no­wa­si­on ug­ra öwür­mä­ge müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de giň ge­rim­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, köp gat­ly döw­re­bap bi­na­lar gu­rul­ýar, şä­her­le­ri tä­ze aja­ýyp kün­jek­ler be­ze­ýär, iri ilat­ly ýer­ler peý­da bol­ýar, müň­ler­çe ki­lo­met­re uza­ýan aw­to­ban­lar, po­lat ýol­lar gu­rul­ýar, hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag dü­zü­mi ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. We­la­ýat mer­kez­le­ri­niň keş­bi gö­zü­mi­ziň al­nyn­da öz­ger­ýär. Se­bit­ler­de dur­muş mak­sat­ly des­ga­lar, eda­ra bi­na­la­ry, amat­ly ýa­şa­ýyş jaý­la­ry, önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry yzy­gi­der­li ulan­ma­ga be­ril­ýär. Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa, ener­gi­ýa tyg­şyt­laý­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ra, se­ýil­gäh zo­lak­la­ry­na ni­ýet­le­nen dü­züm­le­re de­giş­li bo­lan tas­la­ma­la­ra aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bir ha­tar­da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da esa­sy şert­le­riň bi­ri bo­lan ýer­li çig mal­dan gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ni ön­dür­ýän pu­da­ga döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan gol­daw be­ril­ýär. Top­lum­la­ýyn dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li gur­lu­şyk­lar ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­le­giň ýo­kar­lan­ma­gy­ny, ýer­li çig mal­la­ryň bin­ýa­dyn­da ola­ryň önüm­çi­li­gi­niň ös­dü­ril­me­gi­ni şert­len­dir­di. Bu bol­sa önüm­çi­lik top­lum­la­ry­nyň kuw­wa­ty­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga, ýo­ka­ry hil­li gur­lu­şyk se­riş­de­le­ri­niň, beý­le­ki önüm­le­riň ön­dü­ri­li­şi­niň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga gö­nü­den-gö­ni ýar­dam ed­ýär.
Ga­raş­syz­lyk dö­ret­mä­ge kuw­wat, zäh­met çek­mä­ge, gur­ma­ga güýç, pa­ra­hat­çy­ly­gy we dost­lu­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga eg­sil­mez yl­ham ber­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, mäh­ri­ban hal­ky­myz Ga­raş­syz­lyk gü­nü­ne bag­ty­ýar­ly­gyň we ber­ka­rar­ly­gyň be­ýik baý­ra­my hök­mün­de aý­ra­tyn sar­pa goý­ýar. Ýur­du­my­zy has-da gül­le­dip ös­dür­mek we öň­de goý­lan be­lent we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek ug­run­da yh­las bi­len zäh­met çek­ýän hal­ky­my­zyň kal­byn­da buý­sanç duý­gu­sy­ny dö­red­ýär.
«Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­ly­gy­na uly ru­hu­be­lent­lik bi­len bar­ýa­rys. Şu aja­ýyp gün­ler­de Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan Di­ýa­ry­my­zyň ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni wa­gyz et­mek­de, ýaş ne­sil­ler­de me­de­ni mi­ra­sy­my­za söý­gi dö­ret­mek­de uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­za buý­san­ýan hal­ky­my­zyň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza buý­sanç­la­ry çäk­siz­dir.

Jo­mart AK­MÄM­ME­DOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.