Tennis boýunça möwsümiň 4-nji “Uly tuwalga” ýaryşy bolan “Amerika Açyk” bäsleşigi tamamlandy. Umumy baýrak gazanasy 75 million dollara deň bolan we 144-nji gezek geçirilen ýaryşda erkekleriň arasynda italiýaly Ýannik Sinner, zenanlardan belarusly Aryna Sabalenka ýeňiji boldy. Olaryň ikisi-de finalda amerikaly tennisçilerden üstün çykyp, 3,6 million dollarlyk pul baýragyny gazandy. 1988-nji ýyldan soň bir ýylyň dowamynda gaty örtükli (hard) meýdançadaky 2 “Uly tuwalga” ýaryşynda-da (“Awstraliýa Açyk”, “Amerika Açyk”) erkeklerdenem, zenanlardanam şol tennisçi ýeňiji boldy. Iki tennisçi-de karýeralaryndaky 16-njy kuboklaryny gazandy.

Erkekleriň arasyndaky finalda sanawyň 1-nji belgilisi Ýannik Sinner bilen 12-nji basgançakdaky amerikaly Teýlor Frits duşuşdy. Duşuşyk 2 sagat 16 minutda tamamlanyp, italiýaly Sinner 3 setde garşydaşyndan üstün çykdy. 1-nji setde 6:3, 2-nji setde 6:4, 3-nji setde bolsa Frits 5:3 öňe geçse-de, 7:5 ýeňiş gazanyp, “Amerika Açykda” ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň şu ýylky “Awstraliýa Açykdan” soň “Uly tuwalgalardaky” 2-nji çempionlygy boldy. Ol “Amerika Açykda” ýekeleýin ýaryşda çempionlyk gazanan ilkinji erkek tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Sinner “Açyk döwürde” Mats Wilander, Rojer Federer hem-de Nowak Jokowiç dagydan soň bir ýylyň dowam gaty örtükli kortlardaky 2 Uly tuwalga ýaryşynda çempionlykda gazanan 4-nji tennisçi boldy.

Bu ýeňiş Sinneriň karýerasyndaky 16-njy ATP çempionlygy bolup, ol şu ýyl ýeke gezek finalda utulman, 6-njy kubogyny asmana göterdi.

Erkekleriň arasynda 18 ýyldan soň “Amerika Açykda” finala çykan ilkinji amerika tennisçi bolan Teýlor Frits ilkinji “Uly tuwalga” çempionlygynyň bosagasyndan gaýtdy. Frits ýarym finalda watanday Fransis Tiafony (4:6, 7:5, 4:6, 6:4, 6:1), Sinner bolsa britaniýaly Jek Dreperi (7:5, 7:6, 6:2) ýeňipdi.

2002-nji ýyldan soň ilkinji gezek

ATP sanawynyň 2-nji basgançagyndaky serbiýaly Nowak Jokowiç “Amerika Açykda” hem çempionlyga ýetip bilmän, onuň 25-nji “Uly tuwalga” kubogy indiki ýyla galdy. 3-nji tapgyrda awstraliýaly Aleksei Popyrinden asgyn gelen 37 ýaşyndaky Jokowiçiň bu ýylky ýaryş 2006-njy ýyldan soňky iň ir tamamlan “Amerika Açyk” bäsleşigi boldy. Jokowiç 2017-nji ýyldan soň ilkinji gezek bir möwsümi Uly tuwalgasyz tamamlady. Şeýle-de, 2002-nji ýyldan bäri “Uly tuwalgalarda” ilkinji gezek “Uly üçlük” (Rojer Federer, Rafael Nadal, Nowak Jokowiç) diýilýän tennisçileriň hiç biri-de çempionlyk gazanyp bilmedi. Jokowiç soňky gezek “Uly tuwalgalarda” geçen ýyl “Amerika Açykda” ýeňiji bolupdy.

Şu ýylky “Rolan Garros” hem-de “Wimbledon” ýaryşlarynda çempionlyk gazanan, “Amerika Açygyň” 2022-nji ýyldaky ýeňijisi, ATP sanawynyň 3-nji belgilisi, ispaniýaly Karlos Alkaras 2-nji tapgyrda Botiç wan de Zandshulpdan asgyn geldi (Niderlandlar).

Zenanlaryň arasyndaky finalda sanawyň 2-nji belgilisi, belarusly Aryna Sabalenka bilen 4-nji orundaky amerikaly Jessika Pegula duşuşdy. 1 sagat 53 minutlap dowam eden duşuşykda Sabalenka 2 setiň dowamynda ýeňiş gazandy. Ol 2 setde-de 7:5-lik hasaplar bilen garşydaşyndan üstün çykyp, “Amerika Açykdaky” ilkinji çempionlygyny baýram etdi. Bu onuň “Awstraliýa Açykda” yzly-yzyna gazanan çempionlyklaryndan (2023, 2024) soň “Uly tuwalgalardaky” 3-nji ýeňşidir. Ol “Amerika Açykda” çempion bolan ilkinji belarusly tennisçi hökmünde hasaba alyndy. Sabalenka geçen ýyl Amerika Açygyň finalynda amerikaly Koko Gauffdan asgyn gelipdi. 26 ýaşyndaky tennisçi hem karýerasy boýunça 16-njy WTA kubogyny gazandy. Sabalenka bir ýylyň dowamynda gaty örtükli kortlarda geçirilýän 2 Uly tuwalga ýaryşynda-da çempionlyk gazanan 5-nji zenan tennisçi boldy (Steffi Graf, Monika Seleş, Martina Hingis, Anželika Kerber).

Ilkinji gezek “Uly tuwalga” finalynda oýnan Jessika Pegula ýarym finalda çehiýaly Karolina Muhowany, Sabalenka bolsa amerikaly Emma Nawarrony (6:3, 7:6) ýeňdi. Sabalenka ýaryşyň dowamynda diňe 1 duşuşykda 2:1, galan duşuşyklarynda 2:0 hasaplar bilen ýeňiş gazandy.