2030-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatyna çenli Marokkoda çadyr görnüşli ägirt stadiony gurmak meýilleşdirilýär. «Grand Stade Hassan II» diýlip atlandyryljak stadionyň 115 müňden gowrak tomaşaçyny kabul edip biljekdigi habar berilýär. Bu taslama Fransiýanyň «Populous we Oualalou + Choi» binagärlik edarasy tarapyndan işlenip düzüldi. Stadion Kasablankanyň demirgazygyndaky El-Mansura şäherinde 100 gektar meýdanda ýerleşer.
Binagärler çadyr görnüşli dizaýny döretmekde Marokkonyň däp-dessurlaryndan ylham alypdyrlar. Stadionyň üçegi 32 sany merduwanyň halkalaryna daýanýan alýumin gözeneklerden ýasalar. Münberler umumy zolaga we VIP bölüme bölüner. Şeýle hem «oazis» täsirlerini döredýän, 28 metr beýiklige galdyrylan meýdançalarda ýerleşjek köp derejeli baglar bolar. Birinji gatda botanika bagy meýilleşdirilýär.
– Bu stadion Marokko hem-de tutuş futbol senagaty üçin hakykatdan hem ajaýyp medeni ojak, dünýädäki iň uly stadionlaryň biri bolar – diýip, «Populous»-yň sebitdäki dolandyryjy direktory Kristofer Li belledi. Ol arenanyň FIFA-nyň talaplaryna doly laýyk gelýändigini hem-de 2030-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň finalyny kabul edip biljekdigini aýtdy. Geljekki Dünýä çempionatynyň soňky duşuşygynyň nirede geçiriljekdigi entek belli däl. Oňa Madridiň «Real»-ynyň ýaňy-ýakynda durky täzelenen «Santýago Bernabeu» stadiony esasy dalaşgärleriň biri boldy.