Italiýanyň çempionatynda täze möwsüme juda şowsuz girişen, entek möwsümiň başlanyna sähelçe wagt geçse-de, ilkinji 4 tapgyrda ýeňiş gazanyp görmedik “Roma” topary Daniele de Rossini klubdan ugratdy. Ol şu ýylyň başynda Žoze Mourinionyň ornuna wezipä bellenipdi. Ilki başlarda şowly çykyş eden “Roma” täze möwsümde ilkinji 4 tapgyrda ýeňiş gazanyp bilmedi.
De Rossiniň ornuna möwsümiň ahyryna çenli horwatiýaly Iwan Ýuriji tälimçi edip goýuldy. 49 ýaşyndaky hünärmeniň şertnamasyny ýene bir ýyllyk uzaltmak mümkinçiligi hem bar. Şu wagta çenli italýan klublaryna tälim beren Ýuriç soňky sapar 3 möwsüm “Torino” toparyny türgenleşdiripdi.
“Roma” topary täze tälimçisi bilen ilkinji duşuşygyny öz meýdançasynda ýekşenbe güni häzirki wagtda çempionatyň lideri bolan “Udineze” toparynyň garşysyna geçirer.