Germaniýanyň 2-nji ligasynda “Şalke” bilen “Darmştadt” topary duşuşdy. 6-njy tapgyryň çäginde geçirilen bu oýunda ýer eýeleri “Şalke” 40-njy minutdan öň Mor (34), Silla (34) hem-de Şallenbergiň (39) gollary bilen 3-0 öňe saýlandy. Ýöne duşuşygyň 2-nji ýarymy düýpgöter başgaça boldy. 45+5-nji minutda Hornbiniň goly bilen aratapawudy 2 gola düşüren “Darmştadt” 2-nji ýarymda garşydaşyny dargytdy. Toparyň şwesiýaly oýunçysy Lidberg 56-njy we 76-njy minutlarda tapawutlanyp, ilki hasaby deňledi. 87-nji minutda bolsa het-trigini tamamlan Lindberg bu gezek toparyny öňe saýlasa, Lopez 90+7-nji minutda oýna soňky nokady goýdy. Netijede, “Darmştadt” garşydaşynyň 3-0 öňe saýlanandygyna garamazdan, 5-3 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Bu “Darmştadt” toparynyň möwsümdäki ilkinji ýeňşi bolup, olar utugyny 5-e çykardy. “Şalke” 4 utukda galdy.