Fransiýanyň çempionatynda myhmançylykda “Reýms” bilen 1-1 deňme-deň oýnan PSŽ ilkinji utugyny ýitirdi. “Monakonyň” “Le Hawr” toparyny 3-1 hasap bilen ýeňen tapgyrynda “Marsel” tutuş diýen ýaly 1 oýunçy kem oýnan hem bolsa myhmançylykda “Liony” 3-2 hasabynda utmagy başardy. Duşuşygyň başynda (1-5-nji minutlarda) 2 sary kart alan Ballardini topary “Marseli” 1 oýunçy kem goýdy. 1-nji ýarymyň ahyrynda Lakazettiň penati salyp bilmedik oýnunda “Lion” 53-nji minutda Çaleta-Saryň goly bilen hasaby açsa-da, “Marsel” Lirola (69) we Garsiýanyň (82) gollary esasynda 2-1 öňe saýlandy. “Lion” 90+3-nji minutda Şerkiniň goly bilen hasaby deňlese-de, 90+5-nji minutda tutuş duşuşygy 1 oýunçy kem oýnan “Marsel” topary Jonatan Rowuň goly bilen ýatdan çykmajak ýeňiş gazandy.

 

Nissa – Sent-Etien: 8-0 (Batubinsika 4 ö.d., Ndombele 7, Şo 24, Mukoko 26, 39, Gessand 37, Diop 76, Rosario 86 p),

Lill – Strasbur: 3-3 (Žegrowa 15, 27, Dewid 84 p – Santos 30, Emegha 42, Nanasi 66),

Renn – Lans: 1-1 (Kalimuendo 23 p – Nzola 90+6),

Reýms – PSŽ: 1-1 (Nakamura 9 – Dembele 68),

Monako – Le Hawr: 3-1 (Teze 9, Ben Segir 66, Balogun 71 – Kuzýaýew 30),

Brest – Tuluza: 2-0 (Balde 21, Fewr 90+1),

Anže – Nant: 1-1 (Abdelli 24 p – Lepenan 18),

Monpelie – Oser: 3-2 (Adams 65, 75, Saniýan 71 – Traore 18, Onaiwu 72),

Lion – Marsel: 2-3 (Çaleta-Sar 53, Şerki 90+3 – Lirola 69, Garsiýa 82, Row 90+5)