Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” 7-nji tapgyryň duşuşyklaryna badalga berlip, soňky çempion “Real Madrid” öz meýdançasynda “Alawesden” 3-2 hasabynda üstün çykdy. Eýýäm 1-nji minutda Lukas Waskesiň goly bilen öňe geçen madridlilerde 40-njy minutda Mbappe, 48-nji minutda-da Rodrigo tapawutlandy. Oýnuň soňky 5 minutynda-da “Alawes” topary yzly-yzyna 2 gol geçirip (Benawides 85, Kike Garsiýa 86), ýer eýelerini az-owlak aljyratdy. Ýöne her niçigem bolsa, “Real Madrid” 3-2 hasabynda ýeňiş gazanmagy başardy. Şunlukda, “Real Madrid” “La Ligada” soňky 1 ýyldan bäri ýeňilmän gelýär. 39 oýunlap ýeňilmän gelýän “Real” bu ugurda “Real Madridiň” rekordyna ýene bir ädim golaýlady. “Barselona” 43 oýunda ýeňilmändi. “Real Madrid” ýekşenbe güni myhmançylykda “Atletiko Madrid” bilen duşuşar. “Real Madrid” soňky gezek “La Ligada” geçen ýylyň 24-nji sentýabrynda laýyk 1 ýyl öň “Atletikodan” ýeňlipdi.

“Real Madrid” toparynyň “Barselonanyň” rekordyny täzelemegi üçin ýene-de 5 duşuşykda ýeňlişsizlik seriýasyny dowam etdirmeli bolar. “Real Madrid” “Atletikodan” soň “Wilýarreal, “Selta”, “Barselona” hem-de “Walensiýa”  toparlary bilen duşuşar. “Real Madrid” ýeňilmezlik seriýasyny dowam etdiren ýagdaýynda “El Klasikoda” “Barselonanyň” rekordyna şärik bolar.