Angliýanyň “Liwerpul” topary “Milandan” soň başga bir italýan kluby “Bolonýany” hem ýeňip, garşydaşyndan 2-0 hasabynda üstün çykdy. “Liwerpulyň” gollaryny 11-nji minutda Mak Allister bilen 75-nji minutda Mohamed Salah geçirdi. Salah UÇL-de 45-nji goluny geçirip, Didie Drogbadan öňe saýlandy we bu ýaryşyň iň netijeli afrikaly futbolçysy boldy.

Portugaliýada “Benfika” ispan kluby “Atletikonyň” derwezesinden jogapsyz 4 gol girizdi.  Gollary Aktürkoglu, Di Mariýa, Ba hem-de Kökçü geçirdi. Aktürkoglu bilen Kökçü 1-nji duşuşykda tapawutlanypdy.