9-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň hünär baýramy mynasybetli paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabaralary boldy. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Paýtagtymyzda geçirilýän dabaraly çärelere gatnaşýanlaryň arasynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar, saglygy goraýyş işgärleri bar.
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şu gününde ýene-de bir şatlykly wakanyň şaýady bolunýandygyny aýtdy. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy geçirilýär. Milli Liderimiz Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde buýan kökünden derman serişdesini öndürmäge niýetlenen döwrebap kärhananyň hem işe giriziljekdigini aýdyp, ýygnananlaryň ählisini we ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy, halkymyza hyzmat etjek bu döwrebap lukmançylyk merkezleriniň, täze derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Nygtalyşy ýaly, ýakynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe resminamalara gol çekmegi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmekde möhüm ädim boldy. Ine, bu ulanmaga berilýän saglygy goraýyş edaralary hem aýdylanlara aýdyň şaýatlyk edýär. Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezinde ulular we çagalar üçin birnäçe köpugurly bölümler hereket eder. Täze merkeziň bölümleri dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. 7 gatdan ybarat hassahanada dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi.
Gahryman Arkadagymyz beýleki bir desganyň – Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň hem döwrebap merkezleriň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ýerde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary netijeli bejermek üçin ähli şertleriň döredilendigine ünsi çekdi. Täze lukmançylyk merkezi ylmy-barlag merkezini, 10 sany ylmy-kliniki we kömekçi bölümleri, beýleki gulluklary öz içine alýar. Merkeziň bölümlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin ähli şertler döredildi. Bu bolsa onuň kliniki we ylmy bölümleriniň özara sazlaşykly işlemegine şert döredýär. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýurdumyzyň tebigy-howa şertleriniň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek boýunça degişli işler geçiriler, okuwlar, ylmy barlaglar alnyp barlar.
Milli Liderimiz saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek üçin alnyp barylýan giň gerimli işleriň geljekde hem dowam etdiriljekdigini, raýatlaryň saglygyny goramaga, saglyk abadançylygyny üpjün etmäge, dürli keselleriň öňüni almaga hemişe uly ähmiýet beriljekdigini belläp, bu ýere ýygnananlary we saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärlerini hünär baýramy hem-de täze, häzirki zaman lukmançylyk merkezleriniň, döwrebap derman kärhanasynyň ulanmaga berilmegi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Dabara gatnaşýanlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow toý bagyny kesdi. Soňra Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi, onuň tehniki enjamlaşdyrylyşy we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Bu merkez şikeslerden, kesellerden soň näsaglaryň saglygyny dikeltmäge gönükdirilen ugra ýöriteleşen, diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, Merkezi Aziýa sebitinde-de şeýle görnüşli ilkinji lukmançylyk edarasydyr. Mälim bolşy ýaly, saglygy dikeltmek lukmançylygyň iň zerur ugurlarynyň biri bolup, näsaglary işjeň we özbaşdak durmuşa gaýdyp getirmekde möhüm ähmiýete eýedir. Aşgabatda gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi robotlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş ugurly lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Munuň özi adam bedeniniň hereketini ýokary netijeli ýagdaýda dikeltmäge mümkinçilik berýär.
Merkeziň düzümine çagalaryň we ulularyň saglygyny dikeltmek üçin niýetlenen dürli bölümleriň 20-den gowragy, ýagny maslahat beriş we anyklaýyş; kinezoterapiýa we gidroterapiýa; fizioterapiýa; sagaldyş-dikeldiş; newrologiýa; ortopediýa ýaly bölümler girýär. Şeýle hem bu ýerde abilitasiýa; pediatriýa; kardiologiýa; iç keselleri; somnologiýa we sport reabilitasiýasy; kardioreabilitasiýa; iç keselleriniň reabilitasiýasy; giperbariki oksigenirleme; newrologiýa reabilitasiýasy; ortopediki reabilitasiýa bölümleri işleýär. Bölümleriň hersiniň işi her bir näsaga aýratyn çemeleşmäge gönükdirilendir. Munuň özi saglygy dikeltmekde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.
Merkeziň maslahat beriş we anyklaýyş bölümi häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryny hasaba almak bilen, ýokary hilli maslahat beriş hyzmatlaryny bermek ýaly möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Bu bölümde näsaglary hasaba almak we olaryň elektron gözegçiligini geçirmek üçin niýetlenen lukmançylyk maglumatlar ulgamy ornaşdyrylan. Ähli geçirilýän elektron lukmançylyk resminamalary ýokary hilli hyzmatlary we maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün edip, kliniki ugurlaryň hemmesini öz içine alýar. Mundan başga-da, bölümde dürli anyklaýyş, şol sanda rentgen we ultrases barlag otagy, elektromiýografiýa, elektroensefalografiýa, densitometriýa otaglary bar. Bu ýerde ornaşdyrylan dünýäniň iň iri önüm öndüriji kompaniýalarynyň ýokary derejeli enjamlary anyklaýşyň takyklygyny we näsaglaryň saglyk ýagdaýyna gözegçilik etmegiň derejesini ep-esli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz ýygnananlary Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, bu şanly waka mynasybetli Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Daşary ýurtly hünärmenler mejlisler zalynda Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktoryna dabaraly ýagdaýda halkara güwänamalary, hususan-da, «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, «Marienhospital Gelsenkirсhen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde iki sany güwänamasyny gowşurdylar. Degişli güwänamalar we nyşanlar täze merkeziň ýokary derejesiniň, onuň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyşynyň hem-de dünýä ölçeglerine laýyk gelýändiginiň ykrarnamasydyr.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän sebitde ýeke-täk bolan 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Ilki bilen Gahryman Arkadagymyz merkeziň şöhle bilen anyklaýyş bölüminiň magnit-rezonans tomografiýa otagy, kabul ediş bölüminiň gaýragoýulmasyz kömek berýän otagy we operasiýa bölümi bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyza ABŞ-nyň «Medtronic» kompaniýasynyň «Barx» enjamy görkezildi. Bu enjam aşgazan-içege ýollaryndaky howpsuz täze döremeleri şikessiz bejermäge mümkinçilik berýär. «Erbe Vio 3» hirurgik elektroagulýatory töweregiň dokumalarynyň parallel basyşy bilen hirurgiki kesişleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa az mukdarda gan ýitgisini üpjün edýär. Enjam hirurgiki çärelerde giňden ulanylýar, näsaglaryň tiz sagalmagyna ýardam berýär.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri angiografiýa otagyna baryp gördi. Niderlandlar Patyşalygynyň «Philips» kompaniýasynyň «Azurion 7 B20/12 LN» angiograf ulgamy lukmançylygyň, ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryny özünde jemlemek bilen, çylşyrymly interwensiýa amallarynyň çalt we ygtybarly ýerine ýetirilmegini üpjün edýär. Angiografyň dupleks gurluşy bir wagtyň özünde iki proýeksiýada şekilleri almaga mümkinçilik berýär. Ol hassalardyr lukmanlara düşýän rentgen şöhleleriniň mukdaryny azaltmaga kömek edýär. Ol ýüregiň, beýniniň, ýokarky we aşaky synalaryň, içki beden agzalarynyň damarlarynyň, koronar damarlaryň patologiýasy boýunça operasiýalary ýerine ýetirmek, ýüregiň dogabitdi we gazanylan kemisliklerinde endowaskulýar hirurgiki operasiýalarydyr amallary geçirmekde, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda iň häzirki zaman enjamydyr. Şeýle hem merkezde ýurdumyzda ilkinji gezek şol öndürijiniň «IntraSight 5» damariçi ultrases barlag enjamy ýerleşdirildi. Bu enjamyň kömegi bilen damarlaryň angiografiýa barlagynda stenozyň derejelerini anyklamakda takyk maglumatlar alynýar. Şeýlelikde, enjam keselleri anyklamakda ylmy barlaglary geçirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri klimat kontrol kamera otagyna bardy. Klimat kamera ylmy-barlag işlerinde giňden ulanylýan, daşky gurşawyň täsirini takyk modelirlemäge mümkinçilik berýän enjamdyr. «H/P Cosmos» nemes kompaniýasynyň bu enjamynyň düzümine awtomatik tizligi sazlaýan gurluşy bolan ylgaw ýodajygy we howanyň çyglylygyna, gyzgynlygyna gözegçilik edýän ýokary derejeli anyk ölçenýän guraly girýär. Dürli howa şertlerine, ýagny temperaturanyň gije-gündizki üýtgemelerini, çyglylygy, basyşy hasaba almak üçin klimat kameralarynyň dürli görnüşleri bar. Ýörite enjamlar arkaly adam bedenindäki üýtgeşmeler barlagdan öň we soň kesgitlenilýär, ýagny arterial gan basyşy, ýüregiň uruş tizligi, ganyň kislorod bilen doýgunlygy, bedeniň gyzgynlygy anyklanylýar. Bu bolsa ilatyň saglygyny goramak we howanyň üýtgemeginiň adam bedenine ýaramaz täsiriniň öňüni almak üçin halkara derejede ylmy barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýär.
Tanyşlyk tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyz binanyň birinji gatyndaky mejlisler zalyna barýar. Bu ýerde köp sanly dabara gatnaşyjylar ýygnanypdyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, asylly däbe görä, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri dabara gatnaşyjylary ýene-de bir gezek mübärekläp, täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň açylyş dabaralarynyň beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhy waka bolandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän çäreleriň möhümdigini nygtap, sebitde ýeke-täk Halkara sagaldyş-dikeldiş we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleriniň şu günki açylyş dabaralarynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Bu döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň döredilmegi, ilkinji nobatda, ilatyň kesellemeginiň öňüni almagy maksat edinýän esasy wezipelere laýyk gelýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny; Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny; Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 – 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny tassyklamak hakynda; Ilatyň derman serişdeleri we lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler bilen üpjün edilmegini kämilleşdirmek hakynda gol çeken Kararlary munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzyň ähi künjeklerinde gurulýan we dünýä belli kompaniýalaryň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap lukmançylyk merkezleri we hassahanalary hem ilatyň saglygyny goramaga hyzmat eder diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda daşary ýurtly bilermenler Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň direktoryna halkara güwänamalary – «Dr.Mellinghoff Consulting» kompaniýasynyň Merkezi Aziýada ýokary tehnologiýaly binaly we durnukly infrastrukturaly merkez hökmünde güwänamasyny, «ECRI» guramasynyň dünýä derejesindäki lukmançylyk tehnologiýalarynyň bardygyny tassyklaýan güwänamasyny, «Marienhospital Gelsenkirсhen» hassahanasynyň Aşgabatdaky iň gowy Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi hökmünde güwänamasyny we Ýustus Libih adyndaky Gisen uniwersitetiniň sebitde iň gowy hassahana hökmünde ýokary hil we kämilligi üçin iki sany güwänamasyny gowşurdylar. Şeýle ýokary baha döwletimiziň esasy baýlygy hökmünde ykrar edilen halkyň saglygyny berkitmek üçin Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky ykrarnamasydyr.