Saud Arabystanynyň çempionatynda 7-nji tapgyryň çäginde “Al Nassr” topary myhmançylykda “Al Şabab” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli hem-de dartgynly geçen oýnuň soňky minutlary hasam hereketli ýagdaýda geçdi. Oýnuň 69-njy minutynda Emerik Laport “Al Nassr” toparyny öňe çykardy. 90-njy minutda Ali Alhassanyň awtogoly bilen hasap deňlendi. Emin duşuşygyň ahyryna 13 minut goşdy we 90+7-nji minutda “Al Nassryň” peýdasynda penalti urgusy bellendi. Ony-da dürs uran Kristiano Ronaldo toparyna ýeňiş getiren oýunçy boldy. Duşuşygyň 90+12-nji minutynda “Al Nassr” toparyndan Mohamed Simakan gyzyl kart aldy.

Şunlukda, 39 ýaşyndaky Ronaldo çempionatda şu möwsümdäki 6-njy goluny geçirdi. Onuň karýerasyndaky gollarynyň sany 907-ä ýetdi. Şeýle-de, ol “Al Nassr” toparyndaky 19-njy penaltisini hem dürs urmagy başardy. Ronaldo karýerasy boýunça 198 penaltiniň 168-sini takyk ýerine ýetirdi.