Ispaniýanyň çempionatynda sanawyň lideri “Barselona” “El Klasikodan” öňki tapgyrda öz meýdançasynda “Sewilýany” 5-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Lewandowskiniň (2), Pablo Torreniň (2) hem-de Pedriniň gollary bilen ýeňen katalonlar 10-njy oýunda 9-njy ýeňşini baýram etdi. 10 tapgyrda 33 gol geçiren “Barselona” üçin bu görkeziji iň gowy 3-nji statistika boldy. “Barselona” mundan öň 1950-nji ýylda 39, 2008-nji ýylda-da 34 gol, 1959-njy we 1966-njy ýyllarda-da 33 gol geçiripdi.
2-nji ýerdäki “Real Madrid” hem myhmançylykda “Seltany” ýyldyz oýunçylary – Kilian Mbappe hem-de Winisius Junioryň gollary bilen 2-1 hasabynda utdy. Madridliler 42 oýundan bäri ýeňilmän gelýär we bu ugurda “Barselonanyň” rekordyna ýene bir ädim golaýlady (43 oýun).
“Atletiko Madrid” öz meýdançasynda “Leganesi” kabul edip, myhmanlaryň öňe geçen duşuşygynda ýer eýeleri Sörlot (2) hem-de Grizmannyň gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy.
“Žirona” öz meýdançasynda “Real Sosiedaddan” 1-0 hasabynda utulyp, ýeke-täk goly 44-nji minutda Oýarzabal geçirdi.
Iniaki Williamsyň 2 gezek tapawutlanan oýnunda “Atletik” topary Bilbaoda “Espanýoldan” 4-1 hasabynda üstün çykdy.
Alawes – Walýadolid: 2-3 (Martines 6, Kike Garsiýa 90+7 – Silla 17 p, Amallah 72 p, Anuar 76),
Atletik – Espanýol: 4-1 (Wiwian 6, Iniaki Williams 28, 30, Berenger 55 – Tehero 90+2),
Osasuna – Betis: 1-2 (Torro 59 – Roke 7, Awila 73),
Žirona – Real Sosiedad: 0-1 (Oýarzabal 44),
Selta – Real Madrid: 1-2 (Swedberg 51 – Mbappe 20, Winisius Junior 66),
Malýorka – Raýo Wallekano: 1-0 (Muriki 75),
Atletiko – Leganes: 3-1 (Sörlot 69, 90+9, Grizmann 81 – Neýu 34),
Wilýarreal – Hetafe: 1-1 (Komesaniýa 44 – Arambarri 88 p),
Barselona – Sewilýa: 5-1 (Lewandowski 24 p, 39, Pedri 28, Pablo Torre 82, 88 – Idumbo 87)
Walensiýa – Las Palmas (şu gije)