Angliýanyň çempionatynda tapgyryň merkezi oýnunda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Çelsini” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Duşuşykda “Liwerpulyň” gollaryny 29-njy minutda penaltiden Mohamed Salah bilen 51-nji minutda Kurtis Jons, “Çelsiniň” ýeke-täk goluny bolsa, 48-nji minutda Jekson geçirdi. Salahyň APL-däki gollarynyň sany 163-e ýetdi we Jermain Defony yzda galdyryp, 8-nji orna beýgeldi.

Çempionlyk ugrunda göreş alyp barýan toparlardan “Arsenal” myhmançylykda “Bornmutdan” 2-0 hasabynda ýeňildi. Şu möwsümde ilkinji gezek utulan “Arsenalyň” düzüminde William Saliba 30-njy minutda gyzyl kart aldy. Duşuşykda “Bornmutyň” gollaryny Kristi (70) bilen Kluiwert (79 p) geçirdi. Häzirki çempion “Mançester Siti” iň aşaky orunda barýan “Wulwerhempton” bilen duşuşyp, garşydaşyny Jon Stounzyň 90+5-nji minutda geçiren goly esasynda 2-1 hasabynda utdy. Şol hasap bilen “Mançester Ýunaýted” hem öz meýdançasynda “Brentfordy” ýeňlişe sezewar etdi.

London derbisinde-de “West Ham” Kudusyň goly bilen öňe saýlansa-da, “Tottenham” 4-1 hasabynda ýeňşini baýram etdi. 1-nji ýarymda 2-0 öňe geçen “Southempton” 2-nji ýarymda 3 gol geçiren “Lesterden” 3-2 hasabynda asgyn geldi.

Tottenham – West Ham: 4-1 (Kulusewski 36, Bissuma 52, Todibo 55 ö.d., Son 60 – Kudus 18),

Fulham – Aston Willa: 1-3 (Himenes 5 – Rojers 9, Wotkins 59, Diop 69 ö.d.),

Ipswiç – Ewerton: 0-2 (Ndiaý 17, Kin 40),

Mançester Ýunaýted – Brentford: 2-1 (Garnaço 47, Heýlunn 62 – Pinnok 45+5),

Nýukasl – Braýton: 0-1 (Welbek 35),

Southempton – Lester: 2-3 (Arçer 8, Aribo 28 – Buonanotte 65, Wardi 74 p, Aýuw 90+8),

Bornmut – Arsenal: 2-0 (Kristi 70, Kluiwert 79 p),

Wulwerhempton – Mançester. Siti: 1-2 (Strand Larsen 7 – Gwardiol 33, Stounz 90+5),

Liwerpul – Çelsi: 2-1 (Salah 29 p, Jons 51 – Jekson 48),

Nottingam Forest – Kristal Palas (şu gije)