Aziýa yklymynyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan Saud Arabystanynda tälimçi Roberto Mançini wezipesinden boşadyldy. Italiýaly hünärmen 2023-nji ýylyň awgustynda bu wezipä bellenipdi. Araplar onuň tälimçiliginde 20 oýunda 8 gezek ýeňiş gazandy. 5 duşuşykda-da utulyp, 7 oýunda-da deňme-deň netije görkezdi. Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynda Aziýa zolagynyň 3-nji tapgyrynda “C” toparçada çykyş edýän Saud Arabystanyň ýygyndysy garaşylyşyndan pes oýun görkezýär we 3-nji orunda barýar.

Saud Arabystanynyň futbol federasiýasy Roberto Mançinä şertnamany wagtyndan öň ýatyrandygy üçin 20 million ýewro möçberinde öweztöleg puluny tölemeli bolar. Bu barada dürli saýtlar habar berýär.

56 ýaşyndaky Roberto Mançini 2021-nji ýylda geçirilen EURO 2020-de Italiýany yklymyň çempiony edipdi.

Saud Arabystanynda Mançininiň ornuna ozalky tälimçileri Erwe Renaryň täzeden wezipä bellenmegi mümkin.