1895-nji ýylyň 8-nji noýabrynda meşhur nemes fizigi Wilgelm Konrad Rentgen elektrik energiýasy bilen synag geçirýän wagty, özüniň X diýip atlandyran şöhlesini ýüze çykarýar. Soňlugy bilen bu şöhle alymyň hormatyna rentgen diýlip atlandyrylýar. Wilgelm Rentgen bu açyşy üçin 1901-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolýar.