4-5-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry A.Gur­ba­no­wyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti «Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy güýç­len­dir­mek we ser­het howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek üçin çe­ýe gu­ral­la­ry dö­ret­mek – Du­şen­be pro­se­si­niň Ku­weýt tap­gy­ry» at­ly ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­tyň mi­nistr­ler mej­li­si­ne gat­naş­dy.
Mej­li­siň do­wa­myn­da ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da köp­ta­rap­la­ýyn çe­me­leş­me­le­riň ula­nyl­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň wa­jyp me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy we ýü­ze çyk­ýan hä­zir­ki za­man we­him­le­re gar­şy gö­reş­me­giň gu­ral­la­ry­nyň ýag­da­ýy we ne­ti­je­li­li­gi ba­ha­lan­dy­ryl­dy. Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem güýç­len­dir­mek ba­ra­da­ky berk yg­rar­ly­ly­gy tas­syk­la­dy­lar, şeý­le hem ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek­dä­ki ta­gal­la­la­ry ut­gaş­dyr­mak­da BMG-niň esa­sy or­nu­ny na­za­ra al­mak bi­len ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ul­gam­la­ýyn çä­re­le­ri iş­läp düz­mek­de bi­le­lik­dä­ki müm­kin­çi­lik­le­riň ula­nyl­ma­gy­nyň ze­rur­ly­gy nyg­tal­dy.
Öz çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri­niň orun­ba­sa­ry Türk­me­nis­ta­nyň mil­li we hal­ka­ra de­re­je­ler­de pa­ra­hat­çy­ly­ga we howp­suz­ly­ga, şol san­da ter­ror­çy­lyk we ra­di­kal ýü­ze çyk­ma­la­ra gar­şy gö­reş­mek mak­sa­dy bi­len äh­li ze­rur çä­re­le­ri we he­re­ket­le­ri ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Ter­ror­çy­ly­ga, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­lan­şy­gy­na we beý­le­ki howp­la­ra gar­şy gö­reş­de Türk­me­nis­ta­nyň öz işi­ni BMG bi­len ut­gaş­dyr­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Ýo­ka­ry de­re­je­li mas­la­ha­tyň bar­şyn­da mö­hüm ener­gi­ýa inf­rast­ruk­tu­ra­sy­ny ter­ror­çy­lyk hü­jüm­le­rin­den go­ra­mak bo­ýun­ça ugur­daş çä­re ge­çi­ril­di. Çä­re­de türk­men we­ki­li­ýe­ti mö­hüm inf­rast­ruk­tu­ra­ny go­ra­mak we ony üp­jün et­mek üçin ama­ly çä­re­le­riň iş­le­nip dü­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len baş­lan­gyç­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň gol­da­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. BMG-niň Baş Sek­re­ta­ry­nyň orun­ba­sa­ry, BMG-niň Ter­ror­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça mü­dir­li­gi­niň (UNOCT) ýol­baş­çy­sy W.Wo­ron­kow çy­ky­şyn­da Türk­me­nis­ta­nyň hö­kü­me­ti­ne UNOCT bi­len ýa­kyn hyz­mat­daş­ly­gy hem-de onuň işi­ne do­ly gol­daw ber­ýän­di­gi üçin min­net­dar­lyk bil­dir­di. Türk­men ta­ra­py mas­la­ha­ta gat­na­şy­jy­la­ry 11-12-nji no­ýabr ara­ly­gyn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek UNOCT-niň çä­re­si­ne ça­gyr­dy.
Sa­pa­ryň çä­gin­de Türk­me­nis­ta­nyň we Ku­weýt Döw­le­ti­niň Da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň dü­züm bir­lik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň ara­syn­da du­şu­şyk ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da ta­rap­lar iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň hä­zir­ki ýag­da­ýy we dür­li ugur­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.