6-njy no­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Ra­şid Me­re­dow bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri Se­ýed Ab­bas Arag­çi­niň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy.
Söh­bet­deş­li­giň bar­şyn­da ta­rap­lar sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­ga de­giş­li me­se­le­le­riň giň top­lu­my­ny ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Ta­rap­lar iň ýo­ka­ry de­re­je­dä­ki gat­na­şyk­la­ryň dep­gin­li ösü­şi­ni bel­le­di­ler. Şu nuk­daý­na­zar­dan, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň, şeý­le hem türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy­nyň Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti bi­len şu ýyl­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­la­ry­nyň do­wa­myn­da ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ri­li­şi­niň bar­şy­na ga­ral­dy.
Da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry ýa­kyn gel­jek­de iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­dä­ki du­şu­şyk­la­ry ge­çir­me­gi na­za­ra al­mak bi­len, da­şa­ry iş­ler mi­nistr­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy iş­jeň­leş­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­di­ler.
Mi­nistr­ler iki ýur­duň ara­syn­da­ky söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň wa­jyp­dy­gy­ny nyg­ta­dy­lar. Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-eý­ran hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň işi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di, onuň no­bat­da­ky 18-nji mej­li­si­ni ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ge­çir­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Şeý­le-de ta­rap­lar me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ösü­şi­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar. Me­de­ni­ýet ul­ga­my­nyň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy nyg­tal­dy.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söh­bet­deş­ler şu ýy­lyň no­ýabr-de­kabr aý­la­ryn­da bi­le­lik­dä­ki çä­re­le­ri, şol san­da «Iran Ag­ro Fo­od» ser­gi­si­ni, Ça­ga­la­ryň dost­lu­gy hep­de­li­gi­ni, zer­gär­çi­lik bo­ýun­ça us­sat­lyk sa­pak­la­ry­ny we ş.m. ge­çir­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar.