Häzirki wagtda klub futbolynda arakesme bolup, ertirden başlap milli ýygyndylaryň duşuşyklary geçirilip ugrar. Dünýä Kubogy 2026-nyň saýlama tapgyrynyň çäginde duşuşyk geçirjek toparlaryň biri-de Argentinanyň ýygyndysydyr. Günorta Amerikada sanawda 1-nji orunda barýan Argentinanyň ýygyndysy 14-nji noýabrdan 15-nji noýabra geçilýän gije Paragwaýyň ýygyndysy bilen duşuşar. Şol duşuşygyň öňüsyrasynda Paragwaýyň futbol federasiýasy geň galdyryjy, täsin karar kabul etdi. Federasiýa tarapyndan paragwaýly janköýerleriň Argentinanyň super ýyldyzy Lionel Messiniň ady ýazylgy köýnekçeler bilen stadiona girmegi gadagan edildi. Bilşiňiz ýaly, super ýyldyzyň dünýäniň ähli ýurdunda janköýerleri, muşdaklary bar. Paragwaýyň milli ýygyndysy üçin wajyp bolan bu duşuşykda Messiniň janköýerleriniň tribunada has öňe saýlanmagyny islemeýän federasiýa Messiniň ady ýazylgy bolan islendik formadaky – Argentinanyň milli ýygyndysynyň, “Barselonanyň”, PSŽ-niň, “Inter Maýami” klublarynyň köýnekçeleri bilen hiç bir paragwaýly janköýer stadiona alynmaz. Bu barada “Diario AS” gazeti habar berýär.

Paragwaýyň futbol federasiýasy mundan öňem şeýle karar bilen hemmäniň ünsüni çekipdi. Resmi ýazgysy bolmaýan şeýle karar bilen Paragwaýyň milli ýygyndysynyň Braziliýanyň ýygyndysy bilen geçiren duşuşygynda-da Winisius Junioryň ady ýazylan köýnekçeli janköýerler stadiona alynmandy.