Moto GP boýunça möwsümiň iň soňky ýaryşynda çempion belli boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli Walensiýada däl-de, Barselonada geçirilen möwsümiň 20-nji ýaryşynda soňky 2 ýylyň çempiony “Ducati Lenovo” toparynyň italýan sürüjisi Françesko Banaia pellehanadan birinji bolup geçdi. Ol 24 aýlawy 40 minut 24,740 sekunt tamamlap, möwsümdäki 11-nji, karýerasyndaky 29-njy ýeňşini gazandy. Ýöne oňa bu ýeňiş çempionlyk üçin ýeterlik bolmady. Ýaryşda italiýaly ispaniýaly Mark Markesden soň 3-nji orny eýelän Horge Martin Moto GP-de 76-njy möwsümiň çempiony boldy. “Prima Pramac” toparynyň 26 ýaşyndaky ispan sürüji karýerasy boýunça ilkinji gezek Moto GP-de çempionlyk gazandy. Ol şu möwsümde bary-ýogy 3, karýerasynda-da 8 ýaryşda ýeňiji boldy. 508 utuk toplan Horge Martin şu möwsümde 10 ýaryşda 2-nji orny eýeledi. Françesko Banaiadan 10 utuk öňe saýlanan Horge Martin diňe 1 ýaryşy tamamlap bilmedi. Banaia bolsa 3 ýaryşda pellehana ýetmek başartmandy. Horge Martin Moto GP-de çempionlyk gazanan 31-nji, şol sanda 5-nji ispaniýaly sürüjidir.
Geçen 2 möwsümiň çempiony Banaia 498 utuk toplap, bu gezek 2-nji ýer bilen oňňut etmeli boldy. Dünýäniň 6 gezek çempiony ispaniýaly Mark Markes (“Gresini Racing”) 392 utuk bilen 3-nji, wise-çempionyň watandaşy hem topardaşy, 386 utukly Enea Bastianini 4-nji, “Red Bull KTM” toparynyň Günorta afrikaly piloty Bred Baýnder 5-nji orny eýeledi (217 utuk).
Konstruktorlaryň arasynda “Ducati” 722 utuk bilen 1-nji orny eýelese, KTM 2-nji, “Aprilia” 3-nji ýere mynasyp boldy. Toparlaryň arasynda-da italýanlaryň 5 topary öňdäki orunlary eýelediler. Konstruktorlary “Ducati” bolan “Ducati Lenovo”, “Prima Pramac” hem-de “Gresini Racing” toparlary möwsümi ilkinji üçlükde tamamladylar.