Formula 1 boýunça Dünýä çempionatynda möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda çempion belli boldy. ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen möwsümiň 22-nji ýaryşynda 6,2 kilometrlik trassada 50 aýlawy “Mercedes” toparynyň britaniýaly sürüjisi Jorj Rassell 1-nji orunda tamamlady. Ol ýaryşy 1 sagat 22 minut 05,969 sekunt tamamlap, möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy. Ýeňijiden 7,313 sekunt yza galan topardaşy hem watandaşy Lýuwis Hamilton 2-nji orny eýeledi. “Ferrari” toparynyň ispan sürüjisi Karlos Saýns Junior bolsa ýeňijiden 11,906 sekunt pellehana gelip, münberiň 3-nji basgançagyna çykdy. “Ferrari” toparynyň beýleki sürüjisi, monakoly Şarl Lekler ýaryşy 4-nji orunda tamamlady.

Çempionlyk üçin göreşýän 2 sürüji – soňky 3 ýylyň çempiony Maks Werstappen (“Red Bull”) 5-nji, britaniýaly Lando Norris (“McLaren”) 6-njy orny eýeledi. Bu netije Maks Werstappeniň bassyr 4-nji gezek çempionlygy üçin ýeterlik boldy. Ol umumy sanawda 2-nji ýerdäki Norrisden möwsümiň tamamlanmagyna 2 ýaryş galanda, 63 utuk öňe saýlanyp, yzly-yzyna 4-nji çempionlygyny baýram etdi. Werstappen şu möwsümde 8 gezek 1-nji orny eýeledi. Şeýlelikde, Werstappen F1-de 4 çempionlygy bolan fransiýaly Alan Prost hem-de germaniýaly Sebastian Wettel bilen deňleşdi. Şeýle-de, 27 ýaşyndaky sürüji F1-de yzly-yzyna 4 gezek çempionlyk gazanan 4-nji pilot bolup, ondan öň Huan Manuel Fanhio, Mihael Şumaher (yzly-yzyna 5 çempionlygy bar), Sebastian Wettel hem-de Lýuwis Hamilton şeýle görkeziji bilen ýatda galypdy.

Möwsümiň 23-nji ýaryşy 1-nji dekabrda Kataryň Lusail şäherinde geçiriler. Iň soňky ýaryş bolsa 8-nji dekabrda BAE-niň paýtagty Abu-Dabidäki meşhur “Ýas Marina” trassasynda guralar.