Portugaliýanyň öňki Premýer-ministri Antonio Koşta Ýewropa Geňeşiniň başlygy wezipesini Çarlz Mişelden aldy. Ýewropa Geňeşiniň başlygy we Belgiýanyň öňki Premýer-ministri Çarlz Mişel ygtyýarlyklaryny Portugaliýaly Antonio Kosta geçirdi we oňa Ýewropa Bileleşiginiň döwlet we hökümet baştutanlarynyň resmi ýygnaklarynda ulanylýan jaňy gowşurdy.
Koşta azyndan 2,5 ýyllap Ýewropa Bileleşiginiň iň ýokary syýasy guramasyna ýolbaşçylyk eder. Ol özüniň ilkinji çykyşynda “Dürlülikde agzybirlik” ýörelgesini dowam etdirmegi wada berdi.
-Häzirki wagtda bu globallaşan dünýäde hakyky watançylygyň, özygtyýarlylygy üpjün etmegiň ýeke-täk ýoly umumy Ýewropany gurmakdyr. Netijede, diňe bilelikde yklymymyzda howpsuzlygy, durnuklylygy we parahatçylygy gorap bileris – diýip, Antonio Koşta belledi.
Maglumatlara görä, Koşta Ýewropa Bileleşigine agza döwletler bilen işlemek usulyny täzelemek isleýär. Portugaliýanyň öňki Premýer-ministri Kosta 1-nji dekabrda Ýewropa Komissarlarynyň täze toparynyň işe girişmegi bilen bir wagtda wezipesine girişdi.